Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň oba hojalyk işgärleri bosagada duran pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görýärler. Öňde duran möwsüme guramaçylykly girişmekde we alyp barmakda pagta ýygyjy «John Deere-9565» kysymly kombaýnlaryň 56-synyň guratlygyna oňat düşünýän etrabyň Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň abatlaýjy ussalarydyr hünärmenleri degişli işleri geçirdiler. Olar, ilkinji nobatda, pagta möwsüminde işlediljek kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň, kombaýnlarynyň her birini doly gözden geçirip, zerur bolan halatynda abatlaýyş işlerini alyp barýarlar. Munuň üçin bolsa Tehniki hyzmat ediş kärhanasynda ähli şertler, mümkinçilikler bar.
Bu kärhanada möwsüme gatnaşjak işgärler bilen ýörite okuw maslahatlary geçirilip, möwsümde işlediljek tehnikalary bu ugurda tejribesi bolan mehanizatorlara berkitmek boýunça hem tabşyryklar berildi.