«Çalsana, bagşy!» — köňülleriň nagşy

28 Awgust 2024
505

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň her bir güni uly ösüşlerdir özgerişlere beslenýär. Ynha, geçen hepdäniň şenbe güni hem gözel paýtagtymyzdaky Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda «Çalsana, bagşy!» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Taryhy müňýyllyklara uzaýan dutar çalmak sungatynda parahatçylyk söýüji halkymyzyň durmuş pelsepesi, ruhy gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Bagşy-sazandalar dutaryň jadylaýjy owazy bilen döredijiligiň özboluşly mekdebini döredipdirler we bu sungaty nesilden-nesle geçiripdirler. Dutarda saz çalmak sungatynyň biziň günlerimize çenli asyl nusgasyny saklap gelmeginde, onuň kämilleşdirilmeginde bagşy-sazandalara uly orun degişlidir.

Ýörite habarçymyz.
SURATDA: bäsleşikden görnüş. Surata düşüren Ilaman ÇÜRIÝEW.