Asylly ýörelgeler döwrebap ösdürilýär

20 Awgust 2024
415

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow zähmet rugsady wagtynda «Arçman» şypahanasyna baryp, bu ýerde dynç alyşda bolýan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow bilen duşuşdy we Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine, ýurdumyzyň durmuşynda möhüm orny eýeleýän şanly senelere görülýän taýýarlyk işleriniň barşy bilen gyzyklandy. Lukman Arkadagymyz gür baglyga bürenen, ekologiýa taýdan amatly howa gurşawy bolan şypahananyň çäginde agtyjaklary hem-de çowlugy bilen gezelenç etdi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň iş dolandyryjysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti R.Bazarow Gahryman Arkadagymyza häzirki döwürde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle-de oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy boýunça geçiriljek halkara foruma, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli dabaralaryň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän «Döwürleriň hem-de medeniýetleriň özara baglanyşygy — häzirki zaman dünýäsiniň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyna, Garaşsyzlyk baýramynyň çäklerinde geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatyna, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk işleri hakynda aýdyldy.

«Bereketli toprak».