...Ýaldyrakda gün sowar

27 Awgust 2024
420

Halkymyzyň nesilden-nesle geçirip, ýöredip gelýän ýyldyz senenamasynda ýaldyrak döwrüniň uzak dowam edýän döwürdigi hemmä mälim hakykat. Şonuň üçin onuň özboluşly howa aýratynlyklary bilen baglanyşykly maglumatlar hemişe diýen ýaly, adamlary gyzyklandyryp gelipdir. Sebäbi olar bu döwürde döräp biläýjek howa üýtgeşmelerine görä, etsem-petsemlerini öz durmuş tejribelerine esaslanýan çaklamalaryndan ugur alyp, amala aşyrypdyrlar. Marynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň başlygynyň orunbasary, mirasgär Çerkez Allajykow köpleri gyzyklandyrýan bu sowallar bilen baglanyşykly garaýyşlaryny, oý-pikirlerini şeýle beýan etdi:

— Türkmen halkynyň yzygiderli ýöredip gelýän ýyldyz senenamasynda bu döwür uly köpek ýyldyzlar toparyna degişli bolan iň ýagty ýyldyz ýaldyragyň dogmagy bilen başlanýar we 22-nji sentýabra çenli öz hökmüni ýöredýär. Awgust aýynyň 12-sine daňdanlar Günüň dogýan ugrunda enaýyja, ýalpyldap duran ýaldyrak ýyldyzyny gören adamlar şu buýsançly pursatlara şaýat bolandyklaryna begenip, şükür edip, ony ýüzlerine sylýarlar. Ýyldyz senenamasynda iň uzak döwürleriň birini öz içine alýan bu döwür çarwa, çomry hasaplamalaryna we ylmy çaklamalara görä, özboluşly howa aýratynlyklaryna eýedir.

Söhbetdeşligi taýýarlan öz habarçymyz.