Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşleriň we Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilýän taryhy çözgütleriň möhüm ähmiýetini halk köpçüligine düşündirmek boýunça Daşoguz şäher häkimligi, TAP-nyň hem-de TDP-niň şäher komitetleri bilen bilelikde «Halk Maslahaty – döwletli ýörelgelere badalga» atly maslahat geçirildi. Maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, welaýatymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda il sylagly ýaşuly Baýrammyrat Allanazarow, mährem ene Ogulboldy Amanýazowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, TAP-nyň şäher komitetiniň esasy hünärmeni Gurbangül Baýramkulyýewa, TDP-niň şäher komitetiniň partiýa guramaçysy Didar Osmanow, TMÝG-niň şäher Geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow dagylar çykyş etdiler.
Çykyş edenler Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty jemgyýetimizde halkymyzy jebisleşdiriji güýje eýe bolmak bilen, döwlet ähmiýetli beýik işleriniň binýatlyk esaslaryny kesgitleýär. Milli döwletliligi, kanuny hukuklary we ýörelgeleri berkitmekde Halk maslahatynyň orny örän uludyr. Olar Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen binýady berkden tutulan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda rowaçlanýan beýik işler berkarar döwletimiziň bedew bady bilen öňe gitmeginde, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginde uly ähmiýete eýedir diýip belläp geçdiler. Maslahatyň ahyrynda halkymyzyň abadançylygynyň bagtyýar geljeginiň bähbidine gije-gündiz aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmaklaryny arzuw etdiler.