"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Kämilligiň berk binýady

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň kämilligi, ýaşaýyş-durmuşy baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamynda ýaşlary terbiýelemek bilen baglanyşykly ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Talyp ýaşlary ynsanperwerlik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek häzirki döwrüň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Terbiýe meselesinde bir hakykat bar: terbiýe terbiýelenýän şahsyýetiň hem-de terbiýeçiniň üsti bilen amala aşyrylýar. Terbiýelenýän adam ýekeje pursat hem bikär oturmaly ýa-da peýdasyz pişe bilen meşgullanmaly däldir. Terbiýeçi bolsa terbiýelenýäni asla ünsden düşürmeli däldir. Bu meseläni çözmekde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň orny aýratyndyr.

Kompýuter bilen dil tapyşan okuwçy (Siziň deň-duşuňyz)

Zehinli deň-duşlaryňyzyň biri Balkanabat şäherindäki Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Rahat Taýmanowdyr. Daşary ýurt dillerini özleşdirmäge ýaşlykdan höwesli Rahat iňlis dilini öwrenmäge has-da ýykgyn edýär we mugallym Saparnepes Atabaýewiň taýýarlamagynda iňlis dilini öwrenip başlaýar. Netijede, 7-nji synpda okaýarka mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyryna iňlis dili dersinden gatnaşyp 2-nji orna mynasyp bolýar. Dil öwrenmäge ilgezik Rahady mundan soňra kompýuteriň «dili» özüne çekýär. Kompýuterde programmalaşdyrmagyň hötdesinden gelip başlaýar, ýagny kompýuter bilen hem dil tapyşýar. Programmalaşdyrmagyň dillerini öwrenmäge bolan höwes ony halkara bäsleşiklerine getirýär. Onuň kompýuter öwrenmäge bolan yhlasyny gören Saparnepes mugallym Rahadyň bu ugurda ylmy işler bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin hem ýardamyny gaýgyrmaýar. Şeýlelikde, Rahat 8-nji synp okuwçysy mahaly Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäheriniň «Erudit» ylmy-okuw merkeziniň yglan eden XI halkara ylmy işler bäsleşigine özüniň «Ösümlikleriň elektron programmasy hem-de onuň durmuşdaky orny» atly işi bilen gatnaşyp, 3-nji orny eýeleýär.

Üçünji açyk grafika olimpiadasy

Ýakynda Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan inžener we kompýuter grafikasy boýunça üçünji açyk olimpiadasy geçirildi. Oňa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dokuzysynyň, şol sanda–Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Inžener grafikasy boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň toparlary birinji orny eýelediler. Ikinji orna S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, üçünji orna Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň toparlary mynasyp boldular.

Ynam güýçdür, ganatdyr

Nesil terbiýesine hemişe uly üns berip gelen ata-babalarymyz bu işde türkmençilik ýörelgelerinden ugur alyp, sözüň güýjüne daýanypdyrlar. Çaga dünýä inip, üme düşünip başlandan maşgalada bu işe diýseň jogapkärli çemeleşipdirler. Ata ata ýerinde, ene ene orunda durup, maşgalada çagalara nusgalyk görelde görkezipdirler. Pederlerimiz çaga terbiýesinde hemişe «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýen ajaýyp pähimden ugur alypdyrlar. Nesil terbiýesinde hormatly Prezidentimiziň galamyndan çykan kitaplarynyň hem uly ähmiýetiniň bardygyny guwanç bilen belläp geçmelidiris. Çünki şol kitaplar ýaşlarda Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýelemek bilen birlikde, olara ynsana, ene-ata hormat goýmagy öwredip, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly kitabyndaky: «Nesil! Nesil — munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer. Nesil terbiýesi...… Eger-de mynasyp nesil terbiýeläp ýetişdirseň, mukaddes ojagyň ody hiç haçan öçmez!» diýen ajaýyp setirlere ünsi çekmek isleýäris.

Okuwçylarda zergärçilik sungatyna söýgi döretmek

Umumybilim berýän orta mekdepleriň 5 — 6-njy synplarynda surat dersinde «Zergärçilik sungaty» diýen tema geçilýär. Bu temanyň geçilmeginiň esasy maksady okuwçylarda zergärçilik sungatyna söýgi döretmekden we olaryň bu sungat baradaky düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, oňa söýgini ösdürmekden ybarat. Okuwçylary zergärçilik sungatyna degişli maglumatlar bilen giňişleýin tanyşdyrýaryn. Olara şaý-sepleriň suratynyň çekiliş we reňkleniş usullaryny görkezýärin. Okuwçylara zergärçilik sungatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny gürrüň berýärin. Zergärçilik sungatynyň önümlerine şaý-sepleriň degişlidigini ýatladýaryn. Zergärçilik önümleri we altyn-kümüş bilen baglanyşykly atalar sözi, nakyllar barada gürrüň berenimde, «Zer gadyryn zergär biler», «Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň bahasy bolmaz», «Altyn — gökdäki Gündür, kümüş — asmandaky Aýdyr» diýen nakyllary ýatlaýaryn. Şaý-sepleri ýasaýan adama «zergär» diýilýändigini, şaý-sepleriň, esasan, çagalary, gyz-gelinleri, saz gurallaryny, söweş ýaraglaryny, bedew atlary bezemek üçin niýetlenilýändigini gürrüň berýärin. Tanymal zergärleriň käbiriniň atlaryny atlandyrýaryn.

Çaga durmuşynda öwrediji oýunlaryň ähmiýeti

Çagalara berilýän bilimiň netijeli bolmagy üçin, ilkinji nobatda, terbiýeçiniň baý tejribesiniň, öz işine döredijilikli çemeleşmeginiň, sowatlylygynyň ýokary bolmagy zerurdyr. Okuw maksatnamasynda görkezilişi ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralaryň bilim ulgamynyň ilkinji basgançakdygyny nazara alyp, öwrenilýän maglumatlaryň gutarnykly we doly bolmagy bilen bir hatarda, olaryň kabul ediş, pikirleniş endikleriniň we başarnyklarynyň derejesi göz öňünde tutulmalydyr. Şundan ugur alyp, her bir guralýan sapagyň täsirli, gyzykly bolmagyny gazanmak maksady bilen, okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanýaryn.

Okuwçynyň barlag düzmesine taýýarlyk

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň gutardyş synplarynyň jemleýji döwlet synagynda okuwçylara ene dili we edebiýat dersi boýunça şu ýylyň iýun aýynyň birine düzme ýazdyrtmak göz öňünde tutulýar. Türkmen dili we edebiýat dersi boýunça jemleýji döwlet synagynda barlag düzmesiniň ýazdyrylmagy, pedagogik ylmynyň gazananlarynyň üsti bilen, mekdepde we mekdepden daşary işlerde alnyp barlan okuw-terbiýeçilik işleriniň toplumyna baha berilýän pursatdyr. Şol jähetden seredilende, okuwçylaryň türkmen dili we edebiýat dersi boýunça barlag düzmesini ýokary derejede geçirmäge taýýarlykly barmak zerurdyr.

Kitap – ylymlaryň hazynasy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlarymyz milli terbiýede terbiýelenip, olaryň watansöýüji, milli ýörelgelere ygrarly bolmaklary hakynda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda milli edebiýata, ene dilimize söýgi döretmek, okamak we bilim öwrenmek ýaly asylly ýörelgelere eýermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlar milli terbiýede terbiýelenip, olaryň kämil, ylym-bilimli bolmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär. Ýaşlaryň milli terbiýede terbiýelenmeginde esasan nakyllaryň, atalar sözüniň, şeýle hem çeper edebiýatyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleriniň, ajaýyp kitaplarynyň uly gollanma bolup durýandygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň çuňňur many-mazmuny bar we bu kitaplarda beýan edilýän ajaýyp pähimler biziň her birimiziň kalbymyzda orun alýar. Şonuň üçin hem ýaş nesillere terbiýe berenimizde şeýle ajaýyp kitaplardan pähimleri beýan etmelidiris. Esasan-da ýaşlarymyzda kitap okamak endigini kemala getirmegimiz gerek. Munuň özi olaryň dilewar, giň dünýägaraýyşly, ösen medeniýetli bolmaklaryna hem oňat täsir eder.

Terbiýeli nesil — döwrümiziň bezegi

Magtymguly etrabyndaky 2-nji orta mekdepde etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçiren wagyz-ündew çärämiz gyzykly häsiýete eýe boldy. Çärede nesil terbiýesi barada giňişleýin gürrüň edildi. Ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, ylym-bilimli, hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmelidikleri, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmalydyklary barada durlup geçildi. Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmekleri, saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, geljekde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary, zyýanly endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işlere her bir adamyň goşant goşmalydygy nygtaldy.

Türkmen ýaşlarynyň üstünligi

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Diýarymyzda degişli ugruň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine kybap getirmek babatda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda zehinli türkmen ýaşlaryny ýüze çykarmak we olaryň ylmy mümkinçiliklerini artdyrmak üçin ähli ajaýyp şertler döredilýär. Munuň özi Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine doly mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda ylymly ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde geçirilýän halkara bäsleşiklerine we olimpiadalara gatnaşmagy, döwrebap innowasion tehnologiýalar esasynda bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Muňa golaýda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça onlaýn geçirilen 55-nji halkara Mendeleýew olimpiadasyna zehinli ýaşlarymyzyň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu olimpiada 28 döwletden ylymly ýaşlaryň 145-siniň gatnaşmagynda iki tapgyrda geçirildi. Onlaýn görnüşde geçen bäsleşik ýurdumyzyň kuwwaty bolan türkmen ýaşlaryna aýratyn üstünlik getirdi.

Dil bilen dana...

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri türkmen ýaşlarynyň döwür bilen deň gadam basyp, innowasion tehnologiýalardan we sanly ulgamdan baş çykarýan, dünýä dillerini bilýän hünärmenler bolup ýetişmegi üçin gönükdirilýär. Munuň özi ýaş nesilleri ylym-bilim äleminde täzeden-täze üstünliklere ruhlandyrýar, olarda watansöýüjiligiň ýokary ruhuny terbiýeleýär. Bütin dünýäde döwletleriň özara baglylygynyň has-da çuňlaşýan häzirki zaman şertlerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we ösdürmäge mynasyp goşant goşjak hünärmenleri ýetişdirmek döwrüň talabydyr. Munuň üçin, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek gerek. Çünki daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleriň bu aýratynlygy olaryň esasy artykmaçlyklarynyň biridir. Dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlykda, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, olaryň medeniýetini, sungatyny öwrenmekde dil baýlygynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurda pederlerimiz hem ençeme aýtgylary döredipdirler. Muňa milli Liderimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana», «Dil bilen dünýäni gezer», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili bil

Türkmen döwlet medeniýet instituty 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününi geçirýär

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmy, bilimi ösdürmek baradaky Kararlarynyň durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag, medeni-köpçülik işleri, institutda öwredilýän hünärler barada, okatmagyň usullary, häzirki zaman aýratynlyklary, milli sungatyň, medeni mirasymyzyň çuňňur öwredilişi we talyplaryň durmuş şertleri bilen ýakyndan tanşyp bilerler. Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň 114-nji jaýy.

Zehin akabasynyň zümerretleri

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olary halkara bäsleşiklerine taýýarlamak maksady bilen, ýurdumyzda guwandyryjy işler alnyp barylýar. Muňa mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly taslama bäsleşikleri hem aýdyň mysaldyr. Gazetimiziň geçen sanlarynda bu bäsleşigiň döwlet tapgyrynyň geçirilip, onda lebaply mekdep okuwçylarynyň hem birnäçesiniň üstünlikli çykyş edendiklerini habar beripdik. Bu gezek bolsa olaryň käbiriniň işleri barada aýratynlykda durup geçmegi makul bildik. Asyrlardan gelýän meseläniň çözgüdi

Halk döredijiligi terbiýe giňişliginde

Mil­li ru­hy-me­de­ni gym­mat­lyk­la­ry­my­zyň ha­zy­na­syn­da be­ýik türk­men şa­hy­ry Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň dö­re­di­ji­li­gi aý­ra­tyn or­ny eýe­le­ýär. Wa­ta­na, hal­ka bo­lan söý­gi şa­hy­ryň is­len­dik goş­gu­sy­nyň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Akyl­dar şa­hy­ry­myz ýaş­la­ryň päk zäh­me­te uý­gun­laş­ma­gy­nyň örän mö­hüm­di­gi­ni nyg­ta­ýar. Ça­ga­lar ba­gyn­da kör­pe­le­re okuw mak­sat­na­ma­sy­na la­ýyk­lyk­da Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy­nyň ter­bi­ýe­çi­lik äh­mi­ýet­li goş­gu­la­ry­ny okap ber­ýä­ris hem-de ola­ryň ma­ny-maz­mu­ny­ny dü­şün­dir­ýä­ris. Nus­ga­wy şa­hy­ry­my­zyň şeý­le goş­gy se­tir­le­ri bar:

Mekdep okuwçylarynyň üstünligi

Şu ýylyň 21 — 26-njy apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde 55-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde onlaýn görnüşde geçirildi. Bäsleşige Türkmenistan, Russiýa, Belarus, Ukraina, Bolgariýa, Wengriýa... ýaly jemi 28 döwletden zehinli okuwçylaryň 145-si gatnaşdylar. Olimpiada diňe nazary bilimler boýunça 2 tapgyrda (I tapgyr — 80 bal, II tapgyr — 75 bal, jemi 155 bal) geçirildi. Abraýly halkara bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan topar gatnaşdy. Toparyň adyndan bir ýolbaşçy, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatdan üç okuwçy, Aşgabat şäherindäki himiýa, biologiýa we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepden bir okuwçy çykyş etdi.

Bilim, terbiýe we kämillik

Her bir milletiň edebi we medeni mirasynyň, halk döredijiliginiň özeninde halk aňynyň asyrlarboýy synagdan geçiren ruhy gymmatlyklary ýatýar. Halkyň geçmiş taryhy, dili, ýaşaýyş-durmuşy, tebigat hadysalaryna bolan gatnaşygy ýaly ençeme meseläni öz içine alýan parasatly pähimler adamzat aňynyň asyrlarboýy synagyndan geçiren ruhy gymmatlyklary hökmünde dile, edebiýata düýpli ornaşypdyr. Wagtyň geçmegi bilen olar kämilleşip, timarlanyp, çeperleşip, durnukly görnüşe girip, biziň günlerimize gelip ýetipdir. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda ýaş nesli ylyma, bilime höwesli, edepli-terbiýeli, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemäge gönükdirilen parasatly pähimler jemlenipdir. «Atany söýen, Watany söýer», «Adam edebinden tanalar, ýurt tugundan», «Bir ýagşylyk müň belany gaýtarar», «Edep bilen bagt tapylar, sabyr bilen tagt», «Dil — akylyň açary» ýaly dürdäne pähimler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny dabaralandyryp, ýaş nesli türkmeniň ruhy dünýäsi bilen terbiýelemegiň nurana ýoluny şuglalandyrýar.

Bilim hakynda dürdäne setirler

Bilim beren mugallymlary duz beren atalarymyz ýaly sylamalydyrys. * * *

Ugur kämillige tarap

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bilim ulgamyndaky özgertmelerini netijeli amala aşyrmak ileri tutulýan ugurdyr. Döwür bilim edaralarynyň işini halkara tejribesine laýyklykda kämilleşdirmegiň zerurlygyny talap edýär. Täze tehnologiýalar we okatmagyň häzirki zaman usullary ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de mundan beýläk-de ösdürmegiň zerur şertidir. Multimedia serişdeleriniň kömegi bilen okatmak giň düşünjeli, döredijilikli pikirlenýän, döwrebap maglumatlar kommunikasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan milli hünärmenleriň täze neslini terbiýeläp ýetişdirmegiň netijeli ýoludyr. Multimedia serişdeleri talyplara düýpli bilim almaga, mugallyma bolsa sapagyna döredijilikli, täzeçe çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Şol mümkinçilikleri netijeli ulanmak, ýagny maglumatlary öwretmegi multimedia serişdeleri bilen utgaşdyrmak bilimiň hiliniň ýokarlanmagyna getirýär.

Ýaşlarymyz üstünlige mynasyp boldy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde onlaýn görnüşinde Russiýa Federasiýasynyň Moskwa döwlet uniwersitetiniň guramagynda 55-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy geçirildi. Bu olimpiada 28 döwletden jemi 145 sany okuwçy gatnaşdy. Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy nazary bilimler boýunça 2 tapgyrda geçirildi. Bu bäsleşige ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylarynyň dördüsi gatnaşdy.

Okuwçynyň özbaşdak işi

Başlangyç synplarda matematika sapagy bilen baglanyşykly ilkinji düşünjeleri dogry bermek zerurdyr. Aýratyn hem, sapakda täze temany, ýagny öý işini tabşyranyňda okuwçynyň öýde berlen mysaly, meseläni özbaşdak ýerine ýetirip bilmegi üçin dogry we doly düşünip gitmegi hökmandyr. Sapagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajyp şertleriniň biri okuwçylary öý işlerini özbaşdak ýerine ýetirmegi üçin oýlanyşykly taýýarlamakdan ybaratdyr. Okuwçylaryň özbaşdak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, öýe iş tabşyrmak bilen hem ýakyndan baglanyşyklydyr. Öýe iş tabşyrmak meselesine mugallym oýlanyşykly we uly jogapkärçilik bilen çemeleşmelidir. Öýe berilýän ýumuşlar sapakda geçilen maksatnama maglumatyna döredijilikli düşünmek, ony berkitmek maksatlaryna hyzmat etmelidir. Synpda özleşdirilmedik täze, okuwçylar üçin güýçýeterli bolmadyk maglumat öý işi hökmünde hödürlenmeli däldir. Mugallym öý işi tabşyranda diňe okuw kitabyndan sahypalaryň, mysallaryň belgilerini, soraglary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ony ýerine ýetirmek boýunça anyk we usuly taýdan oýlanyşykly görkezmeleri bermelidir.