Türkmen döwlet medeniýet instituty 2021-nji ýylyň 12-nji maýynda sagat 15:00-da «Açyk gapylar» gününi geçirýär

28 Aprel 2021
1537

«Açyk gapylar» gününde ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda ylmy, bilimi ösdürmek baradaky Kararlarynyň durmuşa geçirilişi, bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, alnyp barylýan okuw-usulyýet, ylmy-barlag, medeni-köpçülik işleri, institutda öwredilýän hünärler barada, okatmagyň usullary, häzirki zaman aýratynlyklary, milli sungatyň, medeni mirasymyzyň çuňňur öwredilişi we talyplaryň durmuş şertleri bilen ýakyndan tanşyp bilerler.

Institutyň salgysy: Aşgabat şäheri, 10 ýyl Abadançylyk köçesiniň 114-nji jaýy.