Okuwçynyň özbaşdak işi

27 Aprel 2021
1461

Başlangyç synplarda matematika sapagy bilen baglanyşykly ilkinji düşünjeleri dogry bermek zerurdyr. Aýratyn hem, sapakda täze temany, ýagny öý işini tabşyranyňda okuwçynyň öýde berlen mysaly, meseläni özbaşdak ýerine ýetirip bilmegi üçin dogry we doly düşünip gitmegi hökmandyr.

Sapagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň wajyp şertleriniň biri okuwçylary öý işlerini özbaşdak ýerine ýetirmegi üçin oýlanyşykly taýýarlamakdan ybaratdyr. Okuwçylaryň özbaşdak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmak, öýe iş tabşyrmak bilen hem ýakyndan baglanyşyklydyr. Öýe iş tabşyrmak meselesine mugallym oýlanyşykly we uly jogapkärçilik bilen çemeleşmelidir. Öýe berilýän ýumuşlar sapakda geçilen maksatnama maglumatyna döredijilikli düşünmek, ony berkitmek maksatlaryna hyzmat etmelidir. Synpda özleşdirilmedik täze, okuwçylar üçin güýçýeterli bolmadyk maglumat öý işi hökmünde hödürlenmeli däldir. Mugallym öý işi tabşyranda diňe okuw kitabyndan sahypalaryň, mysallaryň belgilerini, soraglary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, ony ýerine ýetirmek boýunça anyk we usuly taýdan oýlanyşykly görkezmeleri bermelidir.

Selbinyýaz ABALAKOWA,
Tejen şäherindäki 8-nji orta mekdebiň mugallymy.