Okuwçylarda zergärçilik sungatyna söýgi döretmek

29 Aprel 2021
1828

Umumybilim berýän orta mekdepleriň 5 — 6-njy synplarynda surat dersinde «Zergärçilik sungaty» diýen tema geçilýär. Bu temanyň geçilmeginiň esasy maksady okuwçylarda zergärçilik sungatyna söýgi döretmekden we olaryň bu sungat baradaky düşünjelerini baýlaşdyrmakdan, oňa söýgini ösdürmekden ybarat. Okuwçylary zergärçilik sungatyna degişli maglumatlar bilen giňişleýin tanyşdyrýaryn. Olara şaý-sepleriň suratynyň çekiliş we reňkleniş usullaryny görkezýärin.

Okuwçylara zergärçilik sungatynyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny gürrüň berýärin. Zergärçilik sungatynyň önümlerine şaý-sepleriň degişlidigini ýatladýaryn. Zergärçilik önümleri we altyn-kümüş bilen baglanyşykly atalar sözi, nakyllar barada gürrüň berenimde, «Zer gadyryn zergär biler», «Altyn-kümşüň könesi bolmaz, ata-enäniň bahasy bolmaz», «Altyn — gökdäki Gündür, kümüş — asmandaky Aýdyr» diýen nakyllary ýatlaýaryn. Şaý-sepleri ýasaýan adama «zergär» diýilýändigini, şaý-sepleriň, esasan, çagalary, gyz-gelinleri, saz gurallaryny, söweş ýaraglaryny, bedew atlary bezemek üçin niýetlenilýändigini gürrüň berýärin. Tanymal zergärleriň käbiriniň atlaryny atlandyrýaryn.

Oguljahan ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmengala etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.