Çaga durmuşynda öwrediji oýunlaryň ähmiýeti

29 Aprel 2021
1312

Çagalara berilýän bilimiň netijeli bolmagy üçin, ilkinji nobatda, terbiýeçiniň baý tejribesiniň, öz işine döredijilikli çemeleşmeginiň, sowatlylygynyň ýokary bolmagy zerurdyr.

Okuw maksatnamasynda görkezilişi ýaly, mekdebe çenli çagalar edaralaryň bilim ulgamynyň ilkinji basgançakdygyny nazara alyp, öwrenilýän maglumatlaryň gutarnykly we doly bolmagy bilen bir hatarda, olaryň kabul ediş, pikirleniş endikleriniň we başarnyklarynyň derejesi göz öňünde tutulmalydyr. Şundan ugur alyp, her bir guralýan sapagyň täsirli, gyzykly bolmagyny gazanmak maksady bilen, okatmagyň dürli usullaryndan peýdalanýaryn.

Gunça SUMBAROWA,
Serdar şäherindäki «Çynar» atly 5-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.