Terbiýeli nesil — döwrümiziň bezegi

28 Aprel 2021
1680

Magtymguly etrabyndaky 2-nji orta mekdepde etrap polisiýa bölümi bilen bilelikde ýokary synp okuwçylarynyň arasynda geçiren wagyz-ündew çärämiz gyzykly häsiýete eýe boldy.

Çärede nesil terbiýesi barada giňişleýin gürrüň edildi. Ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, ylym-bilimli, hemmetaraplaýyn kämil adamlar bolup ýetişmelidikleri, hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ajaýyp şert-mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanmalydyklary barada durlup geçildi. Ýaşlaryň milli ruhda terbiýelenmekleri, saýlap alan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, geljekde Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary, zyýanly endiklerden daşda durup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işlere her bir adamyň goşant goşmalydygy nygtaldy.

Bägül boýalyýewa,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.