Okuwçynyň barlag düzmesine taýýarlyk

29 Aprel 2021
2069

Umumy orta bilim berýän mekdepleriň gutardyş synplarynyň jemleýji döwlet synagynda okuwçylara ene dili we edebiýat dersi boýunça şu ýylyň iýun aýynyň birine düzme ýazdyrtmak göz öňünde tutulýar.

Türkmen dili we edebiýat dersi boýunça jemleýji döwlet synagynda barlag düzmesiniň ýazdyrylmagy, pedagogik ylmynyň gazananlarynyň üsti bilen, mekdepde we mekdepden daşary işlerde alnyp barlan okuw-terbiýeçilik işleriniň toplumyna baha berilýän pursatdyr. Şol jähetden seredilende, okuwçylaryň türkmen dili we edebiýat dersi boýunça barlag düzmesini ýokary derejede geçirmäge taýýarlykly barmak zerurdyr.

Ýaýlymdurdy GARAÝEW,
Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň dil we edebiýat bölüminiň müdiri.