Mekdep okuwçylarynyň üstünligi

28 Aprel 2021
1414

Şu ýylyň 21 — 26-njy apreli aralygynda Russiýa Federasiýasynyň M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde 55-nji Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ýardam bermeginde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde onlaýn görnüşde geçirildi. Bäsleşige Türkmenistan, Russiýa, Belarus, Ukraina, Bolgariýa, Wengriýa... ýaly jemi 28 döwletden zehinli okuwçylaryň 145-si gatnaşdylar. Olimpiada diňe nazary bilimler boýunça 2 tapgyrda (I tapgyr — 80 bal, II tapgyr — 75 bal, jemi 155 bal) geçirildi.

Abraýly halkara bäsleşigine ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylaryndan saýlanan topar gatnaşdy. Toparyň adyndan bir ýolbaşçy, Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatdan üç okuwçy, Aşgabat şäherindäki himiýa, biologiýa we iňlis dili derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdepden bir okuwçy çykyş etdi.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan». Surata düşüren Dörtguly MYRATGULYÝEW.