Türkmen ýaşlarynyň üstünligi

28 Aprel 2021
1209

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Diýarymyzda degişli ugruň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, berilýän bilimiň hilini dünýä ülňülerine kybap getirmek babatda ýokary netijeler gazanylýar. Ýurdumyzda zehinli türkmen ýaşlaryny ýüze çykarmak we olaryň ylmy mümkinçiliklerini artdyrmak üçin ähli ajaýyp şertler döredilýär. Munuň özi Watanymyzyň ýagty geljegi bolan ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli, giň dünýägaraýyşly ussat hünärmenler bolup ýetişmeklerine doly mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda ylymly ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde geçirilýän halkara bäsleşiklerine we olimpiadalara gatnaşmagy, döwrebap innowasion tehnologiýalar esasynda bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler bar. Muňa golaýda M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa döwlet uniwersitetinde mekdep okuwçylarynyň arasynda himiýa dersi boýunça onlaýn geçirilen 55-nji halkara Mendeleýew olimpiadasyna zehinli ýaşlarymyzyň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Bu olimpiada 28 döwletden ylymly ýaşlaryň 145-siniň gatnaşmagynda iki tapgyrda geçirildi. Onlaýn görnüşde geçen bäsleşik ýurdumyzyň kuwwaty bolan türkmen ýaşlaryna aýratyn üstünlik getirdi.

(Ýörite habarçymyz).