Kämilligiň berk binýady

2 Maý 2021
1066

Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň kämilligi, ýaşaýyş-durmuşy baradaky meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli bilim ulgamynda ýaşlary terbiýelemek bilen baglanyşykly ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Talyp ýaşlary ynsanperwerlik, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek häzirki döwrüň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Terbiýe meselesinde bir hakykat bar: terbiýe terbiýelenýän şahsyýetiň hem-de terbiýeçiniň üsti bilen amala aşyrylýar. Terbiýelenýän adam ýekeje pursat hem bikär oturmaly ýa-da peýdasyz pişe bilen meşgullanmaly däldir. Terbiýeçi bolsa terbiýelenýäni asla ünsden düşürmeli däldir. Bu meseläni çözmekde bilim-terbiýeçilik edaralarynyň orny aýratyndyr.

Sona ISLAMOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy.