Kitap – ylymlaryň hazynasy

29 Aprel 2021
1196

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, kämil hünärmenler bolup ýetişmeklerine aýratyn ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaşlarymyz milli terbiýede terbiýelenip, olaryň watansöýüji, milli ýörelgelere ygrarly bolmaklary hakynda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunda milli edebiýata, ene dilimize söýgi döretmek, okamak we bilim öwrenmek ýaly asylly ýörelgelere eýermek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Hut şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaşlar milli terbiýede terbiýelenip, olaryň kämil, ylym-bilimli bolmaklaryna ähli mümkinçilikler döredilýär.

Ýaşlaryň milli terbiýede terbiýelenmeginde esasan nakyllaryň, atalar sözüniň, şeýle hem çeper edebiýatyň ähmiýeti uludyr. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň nusgalyk eserleriniň, ajaýyp kitaplarynyň uly gollanma bolup durýandygyny aýratyn bellemegimiz gerek. Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk kitaplarynyň çuňňur many-mazmuny bar we bu kitaplarda beýan edilýän ajaýyp pähimler biziň her birimiziň kalbymyzda orun alýar. Şonuň üçin hem ýaş nesillere terbiýe berenimizde şeýle ajaýyp kitaplardan pähimleri beýan etmelidiris. Esasan-da ýaşlarymyzda kitap okamak endigini kemala getirmegimiz gerek. Munuň özi olaryň dilewar, giň dünýägaraýyşly, ösen medeniýetli bolmaklaryna hem oňat täsir eder.

Gurbangül HOJAMYRADOWA,
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň bölümçe müdiri.