Dil bilen dana...

28 Aprel 2021
1365

Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap ylym-bilim almaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Diýarymyzda amala aşyrylýan bilim özgertmeleri türkmen ýaşlarynyň döwür bilen deň gadam basyp, innowasion tehnologiýalardan we sanly ulgamdan baş çykarýan, dünýä dillerini bilýän hünärmenler bolup ýetişmegi üçin gönükdirilýär. Munuň özi ýaş nesilleri ylym-bilim äleminde täzeden-täze üstünliklere ruhlandyrýar, olarda watansöýüjiligiň ýokary ruhuny terbiýeleýär.

Bütin dünýäde döwletleriň özara baglylygynyň has-da çuňlaşýan häzirki zaman şertlerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we ösdürmäge mynasyp goşant goşjak hünärmenleri ýetişdirmek döwrüň talabydyr. Munuň üçin, ilkinji nobatda, daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmek gerek. Çünki daşary ýurt dillerini bilýän hünärmenleriň bu aýratynlygy olaryň esasy artykmaçlyklarynyň biridir. Dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlykda, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, olaryň medeniýetini, sungatyny öwrenmekde dil baýlygynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu ugurda pederlerimiz hem ençeme aýtgylary döredipdirler. Muňa milli Liderimiziň tagallasy bilen çap edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Dil bilen dana, dil bilmeýän diwana», «Dil bilen dünýäni gezer», «Kitap okamaýan bir dili biler, kitap okaýan kän dili biler» diýen ajaýyp pähimleriň getirilmegi-de aýdyň şaýatlyk edýär. Diýmek, dil bilmek, öwrenmek köpasyrlyk taryhy bolan türkmen halky üçin ata-baba dowam edip gelýän asylly ýol-ýörelgedir.

Selbi ANNAMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.