Milli ruhy-medeni gymmatlyklarymyzyň hazynasynda beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi aýratyn orny eýeleýär. Watana, halka bolan söýgi şahyryň islendik goşgusynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Akyldar şahyrymyz ýaşlaryň päk zähmete uýgunlaşmagynyň örän möhümdigini nygtaýar.
Çagalar bagynda körpelere okuw maksatnamasyna laýyklykda Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli goşgularyny okap berýäris hem-de olaryň many-mazmunyny düşündirýäris. Nusgawy şahyrymyzyň şeýle goşgy setirleri bar: