Kompýuter bilen dil tapyşan okuwçy (Siziň deň-duşuňyz)

30 Aprel 2021
1413

Zehinli deň-duşlaryňyzyň biri Balkanabat şäherindäki Magtymguly adyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumybilim berýän ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy Rahat Taýmanowdyr. Daşary ýurt dillerini özleşdirmäge ýaşlykdan höwesli Rahat iňlis dilini öwrenmäge has-da ýykgyn edýär we mugallym Saparnepes Atabaýewiň taýýarlamagynda iňlis dilini öwrenip başlaýar. Netijede, 7-nji synpda okaýarka mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň şäher tapgyryna iňlis dili dersinden gatnaşyp 2-nji orna mynasyp bolýar.

Dil öwrenmäge ilgezik Rahady mundan soňra kompýuteriň «dili» özüne çekýär. Kompýuterde programmalaşdyrmagyň hötdesinden gelip başlaýar, ýagny kompýuter bilen hem dil tapyşýar. Programmalaşdyrmagyň dillerini öwrenmäge bolan höwes ony halkara bäsleşiklerine getirýär. Onuň kompýuter öwrenmäge bolan yhlasyny gören Saparnepes mugallym Rahadyň bu ugurda ylmy işler bäsleşiklerine gatnaşmagy üçin hem ýardamyny gaýgyrmaýar. Şeýlelikde, Rahat 8-nji synp okuwçysy mahaly Russiýa Federasiýasynyň Saratow şäheriniň «Erudit» ylmy-okuw merkeziniň yglan eden XI halkara ylmy işler bäsleşigine özüniň «Ösümlikleriň elektron programmasy hem-de onuň durmuşdaky orny» atly işi bilen gatnaşyp, 3-nji orny eýeleýär.

Seýran SEÝITMÄMMEDOW,
Serdar etrabyndaky 11-nji orta mekdebiň mugallymy.