Ynam güýçdür, ganatdyr

29 Aprel 2021
1132

Nesil terbiýesine hemişe uly üns berip gelen ata-babalarymyz bu işde türkmençilik ýörelgelerinden ugur alyp, sözüň güýjüne daýanypdyrlar. Çaga dünýä inip, üme düşünip başlandan maşgalada bu işe diýseň jogapkärli çemeleşipdirler. Ata ata ýerinde, ene ene orunda durup, maşgalada çagalara nusgalyk görelde görkezipdirler. Pederlerimiz çaga terbiýesinde hemişe «Çagany ýaşdan, edebi başdan» diýen ajaýyp pähimden ugur alypdyrlar.

Nesil terbiýesinde hormatly Prezidentimiziň galamyndan çykan kitaplarynyň hem uly ähmiýetiniň bardygyny guwanç bilen belläp geçmelidiris. Çünki şol kitaplar ýaşlarda Watana, halka bolan beýik buýsanjy terbiýelemek bilen birlikde, olara ynsana, ene-ata hormat goýmagy öwredip, bagtyýar durmuşda ýaşamagyň ýoluny salgy berýär. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň «Älem içre at gezer» atly kitabyndaky: «Nesil! Nesil — munuň özi barlyk, ol seniňem, seniň halkyňam ykbalyny çözer, ol seni görlüp-eşidilmedik belentliklere göterer. Nesil terbiýesi...… Eger-de mynasyp nesil terbiýeläp ýetişdirseň, mukaddes ojagyň ody hiç haçan öçmez!» diýen ajaýyp setirlere ünsi çekmek isleýäris.

Oguldursun DAŇATAROWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 5-nji çagalar bagynyň usulçy-terbiýeçisi.