"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Tehnologiýalardan peýdalanyp sapak guramak

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler netijesinde ýurdumyzyň bilim ulgamy barha kämilleşýär. Munuň özi ýaşlaryň bilim derejesiniň has-da artmagyna, olaryň gözýetimleriniň giňemegine oňyn täsirini ýetirýär. Şunda ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň ýokarlanmagy esasy talaplaryň biridir. Okuw otaglarynda häzirki zaman kompýuter serişdeleriniň, multimedia tagtasynyň bolmagy örän ähmiýetlidir. Olar dürli öwrediji oýunlaryň guralmagyna, geçilen temanyň has-da netijeli berkidilmegine ýardam berýär. Multimedia tagtasyny türkmen dili we edebiýat sapaklarynda-da işjeň peýdalanmak wajypdyr.

Halypa mugallymyň sarpasy

Watana, halkyna edýän hyzmatlary, asylly işleri, ylym-bilim ulgamyna goşan goşantlary bilen ömrüni sogaply işe bagyşlan, halkyň alkyşyna mynasyp bolan hormatly mugallymlarymyz bilim ulgamynda az däl. Şeýle mugallymlaryň biri-de, bilim ulgamynda kyrk ýyla golaý zähmet çeken Ilaman Atdaýewdir. Ilaman Atdaýew 1930-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Mary etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginiň 8-nji mart obasynda daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Başlangyç bilimi şu daýhan birleşiginiň Ata obasynda ýerleşýän 5-nji ýediýyllyk orta mekdebinde alýar. Soňra Mary şäherinde ýerleşýän 6-njy orta mekdepde okuwyny dowam etdirýär. Ilaman Atdaýew okuwyny göreldeli okamak bilen, jemgyýetçilik işlerine hem işeňňir gatnaşýar, mugallymlarynyň we synpdaşlarynyň arasynda uly hormata eýe bolýar.

Sanly ulgam ösüşleriň özenidir

Adamzat ösüşiniň ähli döwürlerinde bolşy ýaly, häzirki zamanda hem ylym-bilim döwletiň kuwwatynyň iň esasy çeşmesi bolup durýar. Bu günki gün ähli pudaklar sanly ykdysadyýete geçýärler we munuň özeninde hem, elbetde, ylym-bilimiň durýandygy öz-özünden düşnüklidir. Sanly ykdysadyýet bolsa senagat önümçiligini we hojalygyň beýleki pudaklaryny programma üpjünçiligi arkaly dolandyrmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwletimizde sanly ulgama geçmek babatdaky işler giň gerime eýe bolýar. Şol esasdan, sanly tehnologiýalar biziň her birimiziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip, olar arkaly biz öz ýaşaýşymyzyň has-da ýeňilleşmegini gazanýarys.

Elektron kitaphanalar: Maglumat almagyň tiz we döwrebap usuly

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň 76-syny özüne birikdirýän bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakynda», şeýle hem 2015-nji ýylyň 27-nji martyndaky «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmegiň meseleleri hakynda» Kararlary bu asylly we tutumly işi durmuşa geçirmekde esasy binýat boldy. Şondan soňra 2017-nji ýylda «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky işleriň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirdi. Elektron kitaphana adaty kitaphana işini awtomatlaşdyrmak diýmekdir. Elektron kitaplar, köplenç halatda, «pdf» formatda döredilýär. Çünki bu formatda kitabyň elektron nusgasyna üýtgeşmeler girizip ýa-da öçürip bolmaýar. Bu bolsa kitabyň maglumat goraglylygyny üpjün edýär.

Hünär bäsleşigi geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde uly aladalar edilýär. Ýurdumyzda ýaşlara mahsus bolan we ata-babalarymyzyň ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Watanymyza, halkymyza, ajaýyp ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilim we terbiýe almaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge höwesli ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.

Çagalaryň geljegi — ýurduň geljegi

Çagalaryň bagtyýarlygy — maşgalanyň binýadynyň berkligi. Maşgalanyň binýadynyň berkligi bolsa jemgyýetiň baýdygyny we ýurduň kuwwatlydygyny alamatlandyrýar. Hut şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn alada bilen gurşamak döwletimiziň baş ýörelgesidir. Çaga doglanyndan başlap, onuň durmuş goraglylygyny, sagdyn ösmegini üpjün etmek adamzat ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşyna dahylly meselelere bagyşlanylan Hökümet mejlislerinde jemgyýetiň sagdyn we berk bolmagy üçin her bir maşgalanyň bagtyýarlygynyň gazanylmalydygyny nygtaýar. Eziz Arkadagymyzyň: «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýip belleýşi ýaly, görüm-göreldäniň, edep-terbiýäniň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar. Adamkärçilik sypatlary, zähmet endikleri bilen birlikde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilkinji binýady hem maşgalada goýulýar. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz türkmen maşgalasynyň esaslaryny goramak we berkitmek, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle hem enäniň we çaganyň saglygyny goramak hakynda hossarlyk alada edýär. Güneşli Diýarymyzyň paýtagtynda we iň çetki obalarynda hem häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen ýaşlaryň kämil derejede sowat-bilim almaklaryna, körpeliginden kompýuter endiklerini özleşdirmeklerine giň mümki

Dil — açar, göwher saçar

Dil — aragatnaşygyň möhüm serişdesi. Halkymyzda «Dil bilen nöker — bal bilen şeker» diýen aýtgy bar. Dil bir hazyna, bereniň bilen gutarmaýar. Türkmen nakyllarynda adamzat aragatnaşygynyň iň möhüm serişdesi bolan dile-söze uly üns berilýär. Bu barada halkymyz köp nakyllary döredipdir. Olaryň üsti bilen diliň-sözüň jemgyýetde, durmuşda tutýan ägirt uly wezipesi kesgitlenilýär. Şondan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, bilim bermek hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň üstünliklere beslenmegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämilleşmegi raýatlarymyzyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär.

Ene dilim — eziz dilim

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleri amala aşyrýar we halkymyzyň milli medeniýetini, edebiýatyny, ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler döredýär. Adamzadyň aragatnaşyk serişdesi bolan dil taýsyz hyzmatlary ýerine ýetirýär. Ata-babalarymyzyň aň-düşünjeleri, akyl-paýhasy, adamzada bagyş eden ruhy gymmatlyklarynyň barysy bize söz arkaly gelip ýetýär. Her bir diliň öz taryhynyň bolşy ýaly, her bir sözüň hem döreýşiniň taryhy bar. Dil biliminde sözüň gadymylygy dürli usullar arkaly kesgitlenilýär. Söz ýaşaýşyň esasy sütünleriniň biridir. Sözüň kömegi bilen täze-täze düşünjeleri, aňlatmalary döredýäris we ynsana, tebigata täsir edip bilýäris. Söz geçmişden geljege barýan ýolda esasy serişde bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Milli mirasymyz gözbaşyny daş ýazgylaryndan alyp gaýdýan edebiýat bossanymyzdyr, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrdyr dessanlardan bina bolan söz mülküdir» diýýär.

Okuwçylaryň sözleýşini we ýazuw endiklerini ösdürmek

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen diliniň öwrenilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Dil jemgyýetde aragatnaşyk serişdesi bolup durýar. Her bir halkyň sözleýiş dilinde dürli aýratynlyklar bolup bilýär, ýöne diliň jemgyýetdäki hyzmaty ähli halklarda birdir. Orta mekdepde okuwçylaryň edebi sözleýiş dilini we dürs ýazuw endiklerini ösdürmek, esasan, türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň paýyna düşýär. Şeýle-de, okuwçylaryň sözleýiş dilini, ýazuw endiklerini ösdürmek baradaky işiň üstünlikli çözülmegi mekdebiň ähli mugallymlarynyň sazlaşykly işlemegine, diliň medeniýetine we onuň dürs ýazuw kadalaryna sarpa goýmagyna, sözleýiş diline we dürs ýazuwyna degişli ýeke-täk talaplaryň berjaý edilişine baglydyr.

Bilim — kämilligiň gözbaşy

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Şeýle ajaýyp günlerimizde paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen belläp geçeris. Munuň özi häzirki döwrümiziň bagtyýarlygyny, ösüşini, üstünliklerini aýdyň beýan edýär. Eziz Diýarymyz toý-baýramlara, şowhunly dabaralara, her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Ynha, şeýle bagtdan paýly halkymyzyň her bir güni ösüşli bolýar, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlik gazanylýar. Şeýle belent üstünlikler bilim ulgamynda hem aýdyň netijelerini berýär. Biz muny iň döwrebap ugurlarda, ýagny sanly bilimiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýdyň göz ýetirýäris. Häzirki ylym-bilimiň ösýän döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrylýar we sanly ulgam ösdürilýär. Munuň özi ylmyň iň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyrmak bolup, möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Maksatnama gerim alýar

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylda çykaran karary esasynda tassyklanan Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda hormatly Arkadagymyzyň döwleti dolandyrmak we ösdürmek baradaky ylmy taglymatynda: “Innowasion ykdysadyýete we bilimleriň ykdysadyýetine uly ynam bildirilýär” diýip bellenilýär. Sebäbi dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösmegi, nazary, amaly bilimleriň we maglumat tehnologiýalaryň ähmiýetiniň artmagy gönüden-göni täsir edýär. Ýöriteleşdirilen mekdepler we innowasion görnüşli ýokary okuw mekdepleri diňe bir ýokary derejeli hünärmenleri, inženerleri, tehnologlary däl, eýsem, innowasion tehnologiýalary, taslamalary, önümleri durmuşa ornaşdyryp bilýän işewürleri hem taýýarlaýar diýlip maksatnamada bellenilip geçilýär.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller aýratyn alada bilen gurşalýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin bilim ulgamynyň işgärleri hem önjeýli zähmet çekýärler. Şeýle mugallymlaryň hatarynda Mary şäherindäki 19-njy orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy Çemen Kössekowany hem agzamak bolar.

Nesillere nusgalyk mekdep

Müňlerçe ýyl mundan ozal halkymyz tarapyndan döredilip, kämilleşdirilip Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden peýdalanylyp, çuňňur öwrenilýän däp-dessurlarymyz gymmatly baýlykdyr. Milli däp-dessurlarymyz we ata-baba dowam edýän ýörelgelerimiz ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, pederlerimiziň wesýet eden beýik taglymlary häzirki we geljekki nesiller üçin nusga bolmalydyr, çeper döredijilikde we durmuşda öz beýanyny tapmalydyr. Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby umumydünýä medeni hazynanyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmeginde uly ähmiýete, çuňňur many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň terbiýeçilik taýdan bahasyna ýetip bolmajak bu eseri örän gymmatly halk döredijiligini we maddy däl gymmatlyklary yzygiderli ýagdaýda toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alnyp barylýan tagallalary durmuşa geçirmekde juda ähmiýetlidir. Milli Liderimiz eziz halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan asylly ýörelgelerine hem-de ruhy sütünlerine çuňňur sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli gelip ýeten çeşmeleri we maglumatlary içgin seljerip, ulgamlaşdyryp okyjylaryň aňyna guýýar we olaryň kalbynda milli däp-dessurlarymyza be

Milli terbiýe mukaddesdir

Eziz Watanymyzda enelerimize, gelin-gyzlarymyza uly sarpa goýulýar. Halkymyzyň ene mukaddesligi, maşgala agzybirligi ýaly durmuş ýörelgeleri gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda enäniň mukaddesligi, maşgala abadançylygy barada giňişleýin beýan edilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ene nusgalyk mekdep bolup durýar.

Okuwçylarda özbaşdak okamak höwesini döretmek

Edebiýat dersi okadylanda okuwçylar bilen her bir geçilýän temanyň doly özleşdirilmegi üçin olaryň ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini düşünip okamagy hökmandyr. Munuň üçin başlangyç synplardan okuwçylarda özbaşdak okamak endigini döretmeli. Bu ugurda bolsa edebiýat mugallymlaryna esasy wezipe degişli bolup durýar. Özümiň okadýan 7-nji synpymda «Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty» diýen bölümi geçenimde Garaşsyzlyk döwrüniň ýazyjy-şahyrlarynyň ömri we olaryň eserleri bilen okuwçylary giňden tanyşdyrýaryn. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjylary Atamyrat Atabaýew, Ýazmyrat Mämmediýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Annaberdi Agabaýew, Kaýum Taňrygulyýew, Osman Ödäýew, Nobatguly Rejebow, Täçmämmet Jürdekow ýaly ussatlaryň eserlerini okamaga mümkinçilik döredýärin. Olar Garaşsyzlyk eýýamynda galkynan halkyň ýürek joşgunyny, buýsanjyny, parahatçylykly durmuşyny, gazanýan üstünliklerini özleriniň täze döreden eserleriniň üsti bilen wasp etdiler.

Çagalaryň gepleşik endiklerini ösdürmek

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň öwredilişine aýratyn üns berilýär. Rus dilini öwrenmekde okuwçylaryň gepleşik endiklerini ösdürmek möhümdir. Şol maksat bilen, gönükmeler bilen işlemegiň dürli usullary sapagyň dowamynda işjeň peýdalanylýar. Okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, daşary ýurt dilini öwretmekde olaryň sözlük gorlaryny artdyrmaga uly üns berýärin. Sapagyň maksadalaýyk guralmagy, okuwçylar üçin düşnükli hem-de ýatda galyjy bolmagy üçin çalyşýaryn. Her bir tema gerekli gönükmeleri saýlap almagym we ulanmagym sapagyň täsirliligini artdyrýar.

Şekillendiriş sungaty sapaklarynda kompýuter bilen işlemek

Şekillendiriş sungaty dersinde okuwçylarda erjelligi, ukyplylygy we synçylygy terbiýelemek mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de mugallym her bir guraýan sapagynyň täsirli we döredijilikli bolmagy üçin ýadawsyz zähmet çekmelidir. Onuň her bir sapagyna okuwçylar sabyrsyzlyk bilen garaşar ýaly täsirli bolmaly. Munuň üçin çagalarda sungata bolan söýgi döretmeli, ösdürmeli we kämilleşdirmeli. Sapaklarda amaly-haşam we şekillendiriş sungaty barada gyzykly, täsirli rowaýatlardan, maglumatlardan, makalalardan, bolan wakalardan, atalar sözlerinden we goşgulardan, hekaýalardan hem peýdalanyp bolar. Okuwçylaryň halaýan zatlarynyň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň çagalara sowgat beren şahsy kompýuterlerinde surat çekmekdir. Islendik temada kompýuterde surat çekmek örän täsirli bolmak bilen, özüne çekijidir.

Sanly bilim: aýdyň geljegiň daýanjy

Ýurdumyzyň geljegini ýaş nesiller bilen baglanyşdyrýan Gahryman Arkadagymyz bilim ulgamynda ägirt uly özgertmeleri amala aşyrýar. Bu bolsa biz — türkmen ýaşlarynyň ylymly, giň gözýetimli, aýdyň maksatly, tutanýerli we döwür bilen deň gadam urýan kämil şahsyýetler bolup kemala gelmegimize çäksiz mümkinçilikleri döredýär. Diýarymyzyň ähli ýerlerinde gurulýan döwrebap bilim ojaklary bilen bir hatarda, döwrebap okuw serişdeleri, zamanabap innowasion tehnologiýalar häzirki wagtda ýaşlarymyz üçin heniz çagalar baglaryndaka elýeterli edilýär. Mekdep partasynda oturan gününden başlap, her bir okuwçynyň öz şahsy kompýuteri bilen bilimler dünýäsine aralaşmagy bolsa, döwletimizde sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegine berilýän ünsüň aýdyň nyşanydyr.

Bilim ulgamy ösüş ýolunda

Hakdan halatly, köňli sahawatly hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ak ertirleri nazarlap, ynamly öňe barýan berkarar döwletimiziň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Jemgyýetiň ruhy medeniýetiniň esasyny düzýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak işini maksadalaýyk guramakda maddy-enjamlaýyn binýadyň döredilmegi häzirki zaman bilim syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, bilim ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin internet ulgamyna birikdirilen, interaktiw usullary ornaşdyrylan binalaryň sany has-da artýar. Berilýän bilimiň dünýä ülňülerine doly laýyk getirilmegi, döwrebaplaşdyrylmagy, ylymda, bilimde gazanylan soňky ösüşlerden ýaşlaryň habarly bolmaklary ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň esasy maksady — adamzat ýaşaýşynyň aň-düşünjesini häzirki zamanyň ösen talaplaryna kybapdaş dowam etdirmekden, onuň geçmiş mirasyny we häzirki wagtdaky gazananlaryny dolulygy bilen geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr. Kämil nesli kemala getirmek bilim ulgamynyň öňünde durýan iň wajyp wezipeleriň biridir.

Halkara matematika olimpiadasynyň jemleri

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn hem ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýär. Öz gezeginde ýaşlar hem döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, dürli ýaryşlarda, bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmak bilen ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli maý aýynyň 5 — 8-i aralygynda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Halkara olimpiada dünýä döwletleriniň 17-sinden jemi 400-e golaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden 200 töweregi talyp gatnaşdy. Şunlukda, onlaýn görnüşinde geçirilen Halkara olimpiada Özbegistandan, Hindistandan, Indoneziýadan, Türkiýeden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gresiýadan, Polşadan, Russiýa Federasiýasyndan, Ukrainadan, Estoniýadan, Ruminiýadan, Gazagystandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Bolgariýadan we Argentinadan talyplar gatnaşdy. Ýaş matematikleriň arasynda bu bäsleşik iki — A we B derejede geçirildi. A derejä matematika we kompýuter hünärlerinde okaýan talyplar gatnaşan bolsa, B derejä matematikadan başga ugurlarda okaýan talyplar gatnaşmaga hukuk gazandy.