Okuwçylarda özbaşdak okamak höwesini döretmek

13 Maý 2021
1297

Edebiýat dersi okadylanda okuwçylar bilen her bir geçilýän temanyň doly özleşdirilmegi üçin olaryň ýazyjy-şahyrlaryň eserlerini düşünip okamagy hökmandyr. Munuň üçin başlangyç synplardan okuwçylarda özbaşdak okamak endigini döretmeli. Bu ugurda bolsa edebiýat mugallymlaryna esasy wezipe degişli bolup durýar.

Özümiň okadýan 7-nji synpymda «Garaşsyzlyk eýýamynyň türkmen edebiýaty» diýen bölümi geçenimde Garaşsyzlyk döwrüniň ýazyjy-şahyrlarynyň ömri we olaryň eserleri bilen okuwçylary giňden tanyşdyrýaryn. Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewa, Türkmenistanyň halk ýazyjylary Atamyrat Atabaýew, Ýazmyrat Mämmediýew, Berdinazar Hudaýnazarow, Annaberdi Agabaýew, Kaýum Taňrygulyýew, Osman Ödäýew, Nobatguly Rejebow, Täçmämmet Jürdekow ýaly ussatlaryň eserlerini okamaga mümkinçilik döredýärin. Olar Garaşsyzlyk eýýamynda galkynan halkyň ýürek joşgunyny, buýsanjyny, parahatçylykly durmuşyny, gazanýan üstünliklerini özleriniň täze döreden eserleriniň üsti bilen wasp etdiler.

Üzümgül GURBANOWA,
Gökdepe etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.