Şekillendiriş sungaty sapaklarynda kompýuter bilen işlemek

13 Maý 2021
1342

Şekillendiriş sungaty dersinde okuwçylarda erjelligi, ukyplylygy we synçylygy terbiýelemek mugallymlaryň esasy wezipesi bolup durýar. Şoňa görä-de mugallym her bir guraýan sapagynyň täsirli we döredijilikli bolmagy üçin ýadawsyz zähmet çekmelidir. Onuň her bir sapagyna okuwçylar sabyrsyzlyk bilen garaşar ýaly täsirli bolmaly. Munuň üçin çagalarda sungata bolan söýgi döretmeli, ösdürmeli we kämilleşdirmeli. Sapaklarda amaly-haşam we şekillendiriş sungaty barada gyzykly, täsirli rowaýatlardan, maglumatlardan, makalalardan, bolan wakalardan, atalar sözlerinden we goşgulardan, hekaýalardan hem peýdalanyp bolar.

Okuwçylaryň halaýan zatlarynyň biri-de Gahryman Arkadagymyzyň çagalara sowgat beren şahsy kompýuterlerinde surat çekmekdir. Islendik temada kompýuterde surat çekmek örän täsirli bolmak bilen, özüne çekijidir.

Oguljahan ANNAMÄMMEDOWA,
Türkmengala etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň mugallymy.