Halypa mugallymyň sarpasy

18 Maý 2021
1175

Watana, halkyna edýän hyzmatlary, asylly işleri, ylym-bilim ulgamyna goşan goşantlary bilen ömrüni sogaply işe bagyşlan, halkyň alkyşyna mynasyp bolan hormatly mugallymlarymyz bilim ulgamynda az däl. Şeýle mugallymlaryň biri-de, bilim ulgamynda kyrk ýyla golaý zähmet çeken Ilaman Atdaýewdir.

Ilaman Atdaýew 1930-njy ýylyň 24-nji sentýabrynda Mary etrabynyň Aşgabat daýhan birleşiginiň 8-nji mart obasynda daýhan maşgalasynda eneden dogulýar. Başlangyç bilimi şu daýhan birleşiginiň Ata obasynda ýerleşýän 5-nji ýediýyllyk orta mekdebinde alýar. Soňra Mary şäherinde ýerleşýän 6-njy orta mekdepde okuwyny dowam etdirýär. Ilaman Atdaýew okuwyny göreldeli okamak bilen, jemgyýetçilik işlerine hem işeňňir gatnaşýar, mugallymlarynyň we synpdaşlarynyň arasynda uly hormata eýe bolýar.

Kakajan NURMUHAMMEDOW,
fizika-matematika ylymlarynyň kandidaty.