Sanly ulgam ösüşleriň özenidir

17 Maý 2021
1035

Adamzat ösüşiniň ähli döwürlerinde bolşy ýaly, häzirki zamanda hem ylym-bilim döwletiň kuwwatynyň iň esasy çeşmesi bolup durýar. Bu günki gün ähli pudaklar sanly ykdysadyýete geçýärler we munuň özeninde hem, elbetde, ylym-bilimiň durýandygy öz-özünden düşnüklidir. Sanly ykdysadyýet bolsa senagat önümçiligini we hojalygyň beýleki pudaklaryny programma üpjünçiligi arkaly dolandyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda «Türkmenistanda 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, döwletimizde sanly ulgama geçmek babatdaky işler giň gerime eýe bolýar. Şol esasdan, sanly tehnologiýalar biziň her birimiziň durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrülip, olar arkaly biz öz ýaşaýşymyzyň has-da ýeňilleşmegini gazanýarys.

Täçbibi DURDYGYLYJOWA,
Balkanabat şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy.