Elektron kitaphanalar: Maglumat almagyň tiz we döwrebap usuly

17 Maý 2021
1319

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky kitaphanalaryň 76-syny özüne birikdirýän bitewi elektron kitaphana ulgamy döredildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 16-njy awgustyndaky «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakynda», şeýle hem 2015-nji ýylyň 27-nji martyndaky «Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky merkezi kitaphanalarda bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmegiň meseleleri hakynda» Kararlary bu asylly we tutumly işi durmuşa geçirmekde esasy binýat boldy. Şondan soňra 2017-nji ýylda «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi bu ugurdaky işleriň hukuk esaslaryny has-da kämilleşdirdi.

Elektron kitaphana adaty kitaphana işini awtomatlaşdyrmak diýmekdir. Elektron kitaplar, köplenç halatda, «pdf» formatda döredilýär. Çünki bu formatda kitabyň elektron nusgasyna üýtgeşmeler girizip ýa-da öçürip bolmaýar. Bu bolsa kitabyň maglumat goraglylygyny üpjün edýär.

Mähri ŞAMYRADOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hukuk fakultetiniň talyby.