Dil — açar, göwher saçar

16 Maý 2021
1010

Dil — aragatnaşygyň möhüm serişdesi. Halkymyzda «Dil bilen nöker — bal bilen şeker» diýen aýtgy bar. Dil bir hazyna, bereniň bilen gutarmaýar. Türkmen nakyllarynda adamzat aragatnaşygynyň iň möhüm serişdesi bolan dile-söze uly üns berilýär. Bu barada halkymyz köp nakyllary döredipdir. Olaryň üsti bilen diliň-sözüň jemgyýetde, durmuşda tutýan ägirt uly wezipesi kesgitlenilýär.

Şondan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaş nesli döwrebap terbiýelemek, bilim bermek hakdaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ýurdumyzyň sebitde we halkara derejesinde syýasy, ykdysady, medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklarynyň üstünliklere beslenmegi, türkmen jemgyýetiniň milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda ösmegi, kämilleşmegi raýatlarymyzyň ene dili bilen bir hatarda daşary ýurt dillerini kämil bilmeklerine giň mümkinçilikler döredilýär.

Selbi GYLYJOWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 4-nji orta mekdebiň mugallymy.