Çagalaryň geljegi — ýurduň geljegi

17 Maý 2021
969

Çagalaryň bagtyýarlygy — maşgalanyň binýadynyň berkligi. Maşgalanyň binýadynyň berkligi bolsa jemgyýetiň baýdygyny we ýurduň kuwwatlydygyny alamatlandyrýar. Hut şonuň üçin ösüp gelýän ýaş nesli hemmetaraplaýyn alada bilen gurşamak döwletimiziň baş ýörelgesidir. Çaga doglanyndan başlap, onuň durmuş goraglylygyny, sagdyn ösmegini üpjün etmek adamzat ösüşiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz döwlet durmuşyna dahylly meselelere bagyşlanylan Hökümet mejlislerinde jemgyýetiň sagdyn we berk bolmagy üçin her bir maşgalanyň bagtyýarlygynyň gazanylmalydygyny nygtaýar. Eziz Arkadagymyzyň: «Maşgala näçe berk boldugyça, jemgyýet hem şonça hemmetaraplaýyn baýdyr» diýip belleýşi ýaly, görüm-göreldäniň, edep-terbiýäniň ilkinji sapaklary maşgaladan başlanýar. Adamkärçilik sypatlary, zähmet endikleri bilen birlikde sagdyn durmuş ýörelgesiniň ilkinji binýady hem maşgalada goýulýar. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz türkmen maşgalasynyň esaslaryny goramak we berkitmek, onuň maddy üpjünçiligini gowulandyrmak, şeýle hem enäniň we çaganyň saglygyny goramak hakynda hossarlyk alada edýär. Güneşli Diýarymyzyň paýtagtynda we iň çetki obalarynda hem häzirkizaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap çagalar baglarynyň, mekdepleriň gurlup, ulanylmaga berilmegi bilen ýaşlaryň kämil derejede sowat-bilim almaklaryna, körpeliginden kompýuter endiklerini özleşdirmeklerine giň mümkinçilik döredi.

Tamara SAMEDOWA,
Türkmenabat şäherindäki 27-nji «Arzuw» çagalar bagynyň terbiýeçisi.