Çagalaryň gepleşik endiklerini ösdürmek

13 Maý 2021
1081

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda daşary ýurt dilleriniň öwredilişine aýratyn üns berilýär. Rus dilini öwrenmekde okuwçylaryň gepleşik endiklerini ösdürmek möhümdir. Şol maksat bilen, gönükmeler bilen işlemegiň dürli usullary sapagyň dowamynda işjeň peýdalanylýar.

Okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda, daşary ýurt dilini öwretmekde olaryň sözlük gorlaryny artdyrmaga uly üns berýärin. Sapagyň maksadalaýyk guralmagy, okuwçylar üçin düşnükli hem-de ýatda galyjy bolmagy üçin çalyşýaryn. Her bir tema gerekli gönükmeleri saýlap almagym we ulanmagym sapagyň täsirliligini artdyrýar.

Hezret TOGALAKOW,
Bereket etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň mugallymy.