Ene dilim — eziz dilim

16 Maý 2021
1025

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ylym-bilim ulgamyny kämilleşdirmekde düýpli özgertmeleri amala aşyrýar we halkymyzyň milli medeniýetini, edebiýatyny, ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge giň mümkinçilikler döredýär. Adamzadyň aragatnaşyk serişdesi bolan dil taýsyz hyzmatlary ýerine ýetirýär. Ata-babalarymyzyň aň-düşünjeleri, akyl-paýhasy, adamzada bagyş eden ruhy gymmatlyklarynyň barysy bize söz arkaly gelip ýetýär. Her bir diliň öz taryhynyň bolşy ýaly, her bir sözüň hem döreýşiniň taryhy bar. Dil biliminde sözüň gadymylygy dürli usullar arkaly kesgitlenilýär.

Söz ýaşaýşyň esasy sütünleriniň biridir. Sözüň kömegi bilen täze-täze düşünjeleri, aňlatmalary döredýäris we ynsana, tebigata täsir edip bilýäris. Söz geçmişden geljege barýan ýolda esasy serişde bolup hyzmat edýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen neşir edilen «Paýhas çeşmesi» atly kitapda: «Milli mirasymyz gözbaşyny daş ýazgylaryndan alyp gaýdýan edebiýat bossanymyzdyr, çuň many-mazmunly ajaýyp şygyrdyr dessanlardan bina bolan söz mülküdir» diýýär.

Oguljahan AGAÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky 9-njy çagalar bagynyň müdiri.