Okuwçylaryň sözleýşini we ýazuw endiklerini ösdürmek

16 Maý 2021
2198

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda türkmen diliniň öwrenilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýär. Dil jemgyýetde aragatnaşyk serişdesi bolup durýar. Her bir halkyň sözleýiş dilinde dürli aýratynlyklar bolup bilýär, ýöne diliň jemgyýetdäki hyzmaty ähli halklarda birdir.

Orta mekdepde okuwçylaryň edebi sözleýiş dilini we dürs ýazuw endiklerini ösdürmek, esasan, türkmen dili we edebiýat mugallymlarynyň paýyna düşýär. Şeýle-de, okuwçylaryň sözleýiş dilini, ýazuw endiklerini ösdürmek baradaky işiň üstünlikli çözülmegi mekdebiň ähli mugallymlarynyň sazlaşykly işlemegine, diliň medeniýetine we onuň dürs ýazuw kadalaryna sarpa goýmagyna, sözleýiş diline we dürs ýazuwyna degişli ýeke-täk talaplaryň berjaý edilişine baglydyr.

Başmyrat ÝAZGULYÝEW,
Kaka etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy.