Nesillere nusgalyk mekdep

13 Maý 2021
1224

Müňlerçe ýyl mundan ozal halkymyz tarapyndan döredilip, kämilleşdirilip Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe giňden peýdalanylyp, çuňňur öwrenilýän däp-dessurlarymyz gymmatly baýlykdyr. Milli däp-dessurlarymyz we ata-baba dowam edýän ýörelgelerimiz ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen ahlak gymmatlyklary esasynda terbiýelemekde ägirt uly ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly belleýşi ýaly, pederlerimiziň wesýet eden beýik taglymlary häzirki we geljekki nesiller üçin nusga bolmalydyr, çeper döredijilikde we durmuşda öz beýanyny tapmalydyr.

Milli Liderimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly ajaýyp kitaby umumydünýä medeni hazynanyň ösmegine uly goşant goşan türkmen halkynyň ruhy mirasynyň giňden wagyz edilmeginde uly ähmiýete, çuňňur many-mazmuna eýedir. Hormatly Prezidentimiziň terbiýeçilik taýdan bahasyna ýetip bolmajak bu eseri örän gymmatly halk döredijiligini we maddy däl gymmatlyklary yzygiderli ýagdaýda toplamak, içgin öwrenmek hem-de wagyz etmek boýunça alnyp barylýan tagallalary durmuşa geçirmekde juda ähmiýetlidir. Milli Liderimiz eziz halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan asylly ýörelgelerine hem-de ruhy sütünlerine çuňňur sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli gelip ýeten çeşmeleri we maglumatlary içgin seljerip, ulgamlaşdyryp okyjylaryň aňyna guýýar we olaryň kalbynda milli däp-dessurlarymyza belent sarpa, buýsanç döredýär.

Akgül MUHAMMEDIÝEWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň mugallymy.