Bilim — kämilligiň gözbaşy

16 Maý 2021
973

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda toýlarymyz toýlara ulaşýar. Şeýle ajaýyp günlerimizde paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyny uly ruhubelentlik bilen belläp geçeris. Munuň özi häzirki döwrümiziň bagtyýarlygyny, ösüşini, üstünliklerini aýdyň beýan edýär.

Eziz Diýarymyz toý-baýramlara, şowhunly dabaralara, her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Ynha, şeýle bagtdan paýly halkymyzyň her bir güni ösüşli bolýar, ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda uly üstünlik gazanylýar. Şeýle belent üstünlikler bilim ulgamynda hem aýdyň netijelerini berýär. Biz muny iň döwrebap ugurlarda, ýagny sanly bilimiň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde aýdyň göz ýetirýäris. Häzirki ylym-bilimiň ösýän döwründe innowasion tehnologiýalara, sanly ulgama aýratyn ähmiýet berilýär. Innowasion tehnologiýalar dürli ugruň kämilligini, ösüşiň tizligini üpjün edýär. Hut şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde sanly ulgama aýratyn üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwrüň iň täze tehnologiýalary durmuşa ornaşdyrylýar we sanly ulgam ösdürilýär. Munuň özi ylmyň iň täze ugurlaryny durmuşa ornaşdyrmak bolup, möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.

Guwanç TÄŞLIÝEW,
Akdepe etrap bilim bölüminiň hünärmeni.