Maksatnama gerim alýar

14 Maý 2021
1361

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylda çykaran karary esasynda tassyklanan Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda hormatly Arkadagymyzyň döwleti dolandyrmak we ösdürmek baradaky ylmy taglymatynda: “Innowasion ykdysadyýete we bilimleriň ykdysadyýetine uly ynam bildirilýär” diýip bellenilýär. Sebäbi dünýä ykdysadyýetiniň hil taýdan täze derejelere çykmagyna ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösmegi, nazary, amaly bilimleriň we maglumat tehnologiýalaryň ähmiýetiniň artmagy gönüden-göni täsir edýär.

Ýöriteleşdirilen mekdepler we innowasion görnüşli ýokary okuw mekdepleri diňe bir ýokary derejeli hünärmenleri, inženerleri, tehnologlary däl, eýsem, innowasion tehnologiýalary, taslamalary, önümleri durmuşa ornaşdyryp bilýän işewürleri hem taýýarlaýar diýlip maksatnamada bellenilip geçilýär.