Halkara matematika olimpiadasynyň jemleri

12 Maý 2021
1164

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň ylymly-bilimli, sagdyn hem ruhubelent bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertleri döredýär. Öz gezeginde ýaşlar hem döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, dürli ýaryşlarda, bäsleşiklerde baýrakly orunlara mynasyp bolmak bilen ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli maý aýynyň 5 — 8-i aralygynda Türkmenistanyň we daşary döwletleriň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Halkara matematika olimpiadasy geçirildi. Halkara olimpiada dünýä döwletleriniň 17-sinden jemi 400-e golaý we Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden 200 töweregi talyp gatnaşdy. Şunlukda, onlaýn görnüşinde geçirilen Halkara olimpiada Özbegistandan, Hindistandan, Indoneziýadan, Türkiýeden, Eýran Yslam Respublikasyndan, Gresiýadan, Polşadan, Russiýa Federasiýasyndan, Ukrainadan, Estoniýadan, Ruminiýadan, Gazagystandan, Ermenistandan, Azerbaýjandan, Hytaý Halk Respublikasyndan, Bolgariýadan we Argentinadan talyplar gatnaşdy. Ýaş matematikleriň arasynda bu bäsleşik iki — A we B derejede geçirildi. A derejä matematika we kompýuter hünärlerinde okaýan talyplar gatnaşan bolsa, B derejä matematikadan başga ugurlarda okaýan talyplar gatnaşmaga hukuk gazandy.

Maýa ALLABERDIÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.