Milli terbiýe mukaddesdir

13 Maý 2021
1145

Eziz Watanymyzda enelerimize, gelin-gyzlarymyza uly sarpa goýulýar. Halkymyzyň ene mukaddesligi, maşgala agzybirligi ýaly durmuş ýörelgeleri gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar.

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda enäniň mukaddesligi, maşgala abadançylygy barada giňişleýin beýan edilýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ene nusgalyk mekdep bolup durýar.

Amanbibi HALMYRADOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallym-öwrenijisi.