"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Atyzlarda hasyl bol

Daýhanlar üçin pagta ýygymy möhüm möwsüm bolup durýar. Etrabymyzyň hojalyklarynda jogapkärli möwsüme taýýarlykly barylýar. Olaryň arasynda «Watan» daýhan birleşiginiň pagtaçylary hem bar. Olar şu günlere çenli gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edip, bol hasyly ýetişdirdiler. Wagtynda ýekelenilen, haşal otlardan arassalanylan, dökünlerden we suwdan ýeterlik paýyny alan ekinler köpçülikleýin hasyla durupdyr. Her düýpdäki körekleri, açylyp ugran gozalary göreniňde gözüň dokunýar. Daýhan birleşiginiň başlygy Babajan Babamyradowyň aýtmagyna görä, şu ýyl hojalyk boýunça 1264 gektar meýdanda gowaça ekilipdir. Şonça meýdandan 4200 tonna pagta almak wezipesi durýar. Şonda her gektardan ortaça 33,2 sentner hasyl almaly. Hojalygyň ýolbaşçysy şu möwsümde ekinlerinden tamasynyň uludygyny ynam bilen aýtdy. Onuň hasaplamalaryna görä, hasyllylyk her gektarda ýene-de ortaça 10 sentner artar. Şeýle berk ynam bolsa anyk hasaplara, gündelik geçirilýän gözegçiliklere esaslanýar.

Oba hojalygy: bosagada pagta ýygymy möwsümi

28-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda ýerine ýetirilýän işleriň barşyna seredildi. Iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi R.Hojagulyýew, Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow, Daşoguz welaýatynyň häkimi S.Soltanmyradow, Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew, Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler.

Düşündiriş işleri işjeňlige eýe

Bosagada oba hojalygyndaky jogapkärli möwsümleriň biri bolan pagta ýygymy. Daýhanyň ýylboýy azap siňdirip ýetişdiren gowaça hasylyny ýitgisiz ýygmakda kombaýnlaryň mehanizatorlaryna möhüm orun degişlidir. Şonuň bilen baglylykda pagta ýygymyna taýýarlyk görülýän häzirki günlerde kuwwatly pagta ýygyjy kombaýnlara erk etjek mehanizatorlaryň arasynda tehniki howpsuzlygyň düzgünleri boýunça okuw maslahatlarydyr düşündiriş işleri geçirilýär. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň degişli hünärmenleriniň gatnaşmagynda etraplaryň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda geçirilýän okuw maslahatlaryň hem ähmiýeti uludyr. Hünärmenler pagtanyň gymmatly baýlykdygy, möwsümde tehnikany bökdençsiz işletmek we onuň hyzmatyndan netijeli peýdalanmak arkaly hasyly ýitgisiz ýygmagyň wajypdygy barada aýdyp, pagta ýygyjy kombaýnlara erk etjek mehanizatorlara tehniki howpsuzlygyň düzgün-kadalaryna berk eýermek boýunça degerli maslahatlaryny berýärler.

Bugdaý ekişine taýýarlyk

Ekişe taýýarlyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Daşoguz welaýatyna kuwwatly sürüm traktorlarynyň 70-e golaýy gelip gowuşdy. Ýokary öndürijilikli bu tehnikalar ekin meýdanlarynyň möçberine laýyklykda, welaýatyň etraplaryna paýlanyp berildi. Olar ýakyn günlerde badalga aljak bugdaý ekişinde ilkinji gezek işlediler hem-de möwsümi bellenilen möhletlerde geçirmekde gallaçylaryň kuwwatly daýanjy bolar. Ekerançylyk meýdanlaryny geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamak bilen baglylykda geçirilýän agrotehniki çäreler, bu ugurdaky gündelik netijeler daýhanlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Möhüm möwsüme taýýarlygyň çäginde Daşoguz welaýatynda durmuşa geçirilýän işler hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olarda döwrüň belent ruhy, döredijilikli zähmetiň joşguny aýdyň duýulýar.

«Güni ekin meýdanlarynda garşylamak gerek»

Ene toprak zähmete werziş kişilerden baýlygyny gysganmaýar. Yhlas siňdirilen iş hökman miwesini berýär. Ýere yhlasly ýapyşan daýhanyň çeken zähmeti toprakdan örňäp çykyp, ýaşaýşyna many, geljegine umyt we zähmete ynam döredýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde we ykdysady görkezijiler babatda öňe ilerlemeginde özüniň saldamly goşandyny goşýan telekeçi daýhanlaryň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Gyzylarbat etrabynyň Azady obasynyň çäklerinde ýerleşen 100 gektar ýeri uzak möhletleýin kärendä alyp, önjeýli zähmet üstünliklerini gazanýan telekeçi daýhanlaryň biri hem Yhlasberdi Garaýewdir. Ol indi çärýek asyr bäri örküni topraga baglap, ömrüni daýhançylyga bagyş edip gelýär. Şu ýyl telekeçi daýhan kärende ýeriniň 50 gektaryna bugdaý ekip, 100 tonnadan gowrak hasyly döwlet harmanyna tabşyrdy. Her gektardan 20 sentnerden gowrak hasyl alyp, döwlet borçnamasyny artygy bilen dolmagy başardy. Häzirki wagtda bolsa geljek ýylyň ýazky bugdaý ekişi üçin ýerlerde sürüm, tekizleme we geriş çekmek işlerini alyp barýar.

«Tohum al-da, ýere bar...»

Ata-babalarymyz hasyllylygyň peselmezligi üçin tohumçylyk meselesini mydama ünsde saklapdyrlar. Sebäbi bir ekin şol bir meýdana köp ekilse, ýeriň güýji gaçýar. Şonuň üçin ýerden gowy hasyl almak maksady bilen ekin, dökün, tohum çalşygyny geçirmek daýhançylykda kada hasaplanýar. Lebap welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýyň «Ýuna», «Wasso», «Kalym», «Batko» ýaly sortlarynyň ekilip gelýänine birnäçe ýyl boldy. Şonuň üçin indi olaryň ýerini çalyşmagyň wagty geldi. Hut şu maksat bilen-de, geçen ýyl Russiýa Federasiýasyndan ýurdumyz bugdaýyň «Alekseiç» we «Bezostyý-100» diýilýän täze sortlaryny satyn aldy. Geçen ýylyň güýzünde bugdaýyň bu sortlary welaýatda jemi 34 müň gektara golaý meýdanda ekildi. Ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde ösdürilip ýetişdirilen täze sortlar şu ýyl tomusda gowy hasyl hem berdi. Hünärmenler gowy idegi ýetirilende, bu sortlaryň her gektardan 60 — 70 sentnere çenli hasyl berip biljekdigine göz ýetirdiler. Şeýlelikde, bugdaýyň bu täze sortlarynyň tohumynyň ýeterlik möçberi güýz ekişi üçin taýýar edildi. Toprak-howa şertlerimize örän çalt uýgunlaşýan bu sortlaryň tohumlarynyň ekilmegi eýýäm geljekki hasylyň bol boljagyndan nyşan.

Oba hojalygynda täze mümkinçilikler

23-24-nji awgustda Germaniýanyň oba hojalyk ekinlerini, esasan-da, ýeralma we şugundyr ösdürip ýetişdirmekde hem-de gaýtadan işlemekde peýdalanylýan öňdebaryjy tehnologiýalary bilen adygan «Grimme» kompaniýalar toparynyň Kawkaz we Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça jogapkär hünärmeni Iwan Lýaýs ýurdumyza iş saparyny amala aşyryp, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde ýeralma we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirýän hususyýetçi daýhanlar bilen okuw sapagyny geçdi. Sapagyň dowamynda hünärmen ýeralma we gant şugundyryny ösdürip ýetişdirmek üçin ýerleriň taýýarlanylyşy, ulanylýan dökünleriň görnüşleri, ekinlere ideg etmegiň innowasion usullary, hasyl ýygnalanda peýdalanylýan häzirki zaman tehnikalar barada gürrüň berildi. Öňňin myhman Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň çäginden bölünip berlen ýerde gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirýän telekeçi Rustam Goçyýewiň daýhan hojalygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Iwan Lýaýs hususyýetçi daýhanyň ösdürip ýetişdirýän ýeralma we sogan ýaly ekinleriniň hasylyna mynasyp baha berip, ýerli toprak-howa şertlerine laýyklykda netijeleri has-da ýokarlandyrmak boýunça maslahatlaryny paýlaşdy. Hünärmen telekeçi daýhanlar bilen duşuşykda wekilçilik edýän kompaniýasy tarapyndan işlenilip taýýarlanylan innowasion usullary hem-de täze tehnologiýalary peýdalanmak arkaly ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde gök-bakja ekinleriniň hasy

Güýzlük ýeralmanyň ekişi geçirilýär

Kaka etrabynda güýzlük ýeralmanyň ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazky möwsümde 1 müň 700 gektar meýdanda bu ekiniň ýokary hasylyny ýetişdiren etrabyň ekerançylary häzirki möwsümde hem tutanýerli zähmet çekýärler. Olar güýzlük ýeralma ekişi üçin göz öňüne tutulan meýdanlaryň aglabasynda bu işi ýerine ýetirip, häzirki wagtda irki ekilen ekiniň ideg işlerini alyp barýarlar. Öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan “Edermen pagtaçy” daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda işleriň gidişi has-da guwandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 100 gektarda güýzlük ýeralmany ýetişdirmegi belent maksat tutunan daýhan hojalygynyň zähmetkeşleri ekişde köplere nusga bolmagy başarýarlar. Olar güýzlük ýeralmanyň ekişini ahyrky gektarlarda alyp barýarlar. Bu işde kämil tehnologiýaly kuwwatly ekiji tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanýarlar.

Sogaply käriň eýeleri

Düýn paýtagtymyzdaky «Altyn ýyldyz» medeni-dynç alyş merkezinde «Ussat bagban» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Oba hojalyk hem-de Daşky gurşawy goramak ministrlikleriniň bilelikde yglan eden bu hünär bäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan hem paýtagtymyzdan onuň deslapky tapgyrlarynda üstün çykan bagbanlar gatnaşdylar. Olaryň arasynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Oraznepes Öwezgeldiýew, Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Döwletjan Öwezmyradow, Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň «Gülüstan» daýhan birleşiginiň kärendeçi bagbany Gülgün Agamämmedowa, Daşoguz welaýatyndaky Türkmen oba hojalyk institutynyň oba hojalyk ylmy-önümçilik synag hojalygynyň möwsümleýin kärendeçi bagbany Baýramdurdy Gurbanow, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky ylmy-önümçilik synag merkeziniň bagbany Jennet Towyýewa, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Bekrewe tokaý hojalygynyň işçi bagbany Wepa Jumadurdyýew dagy bar.

Jogapkärli möwsüm bosagada

Säher bilen öwüsýän salkyn şemal güýz paslynyň indi uzakda däldigini duýdurýar. Güýz bolsa daýhanyň aladasynyň iň bir köpelýän döwri. Gallaçy daýhan topraga tohum sepse, pagtaçy özüniň maňlaý derine eýläp ýetişdiren pagta hasylyny ýygnap başlaýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 130 müň gektarda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdiren Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri şu ýyl Watan harmanyna 320 müň tonna «ak altyn» goşmagy maksat edindiler. Elbetde, bu ýeňil-ýelpaý iş däl. Ol oba hojalygyna dahylly ähli adamdan gujurly zähmeti, gaýrata galyp işlemegi talap edýär. Hut şonuň üçin-de, möwsümiň öň ýanynda lebaply daýhanlar, mehanizatorlar we beýleki ýygym möwsümine dahylly işgärler bu jogapkärli işe taýýarlygyň ýagdaýyna ýene-de bir gezek seljerme geçirdiler. Gowaçanyň ýokary hasyl berýän «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «S-2606» ýaly görnüşleri ähli etraplarda diýen ýaly köpçülikleýin ekildi. Beýleki sortlara garanyňda ir ýetişýän bu görnüşli gowaçalar şu günki günde hasylyny bolluk bilen eçilip başladylar. Şaha sanynyň azlygy sebäpli, olary maşyn bilen ýygmak hem amatly. Şeýle bolansoň, şu ýyl sebitiň ähli etraplarynda pagtanyň kombaýn bilen ýygyljak meýdany öňki ýyllara garanda köpeldildi.

Halypa bagban

Ahal welaýatynda üzümçilik bilen meşgullanyp, ýylyň-ýylyna üzümiň bol hasylyny ýetişdirýän bagbanlaryň ençemesi bar. Ak bugdaý etrabynyň «Ýaşyldepe» daýhan birleşiginde zähmet çekýän Annageldi Annaýew bolsa welaýat derejesinde alanyňda hem ussat, halypa bagbanlaryň biri hökmünde tanalýar. Ýaşlykdan daýhançylyga baş goşan Annageldi Annaýew geçen döwürde üzümçiligiň gadymy däplerini birkemsiz öwrenip, ony häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, bu ugurda baý tejribe toplady. Gallaçylykda, pagtaçylykda, gök ekerançylykda bolşy ýaly, halypa bagbanyň bagbançylyk babatdaky tejribesini öwrenmäge-de döwtalap ýaşlar az däl. Olar baglary alada bilen gurşaýan tejribeli daýhanyň kärende ýerine — bagyna häli-şindi gelýärler we onuň iş usullaryny, üzümlere ideg edişini öwrenýärler, degerli maslahatyny alýarlar.

Almasy bar baldan süýji

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda oba hojalyk ulgamyny yzygiderli ösdürmek, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şonuň bilen birlikde ildeşlerimizi ýokumly we ter gök-bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän tutumly işleri rowaçlyklara beslenýär. Hojambaz etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Ýunus daýhan» daýhan hojalygynda hem indi birnäçe ýyldan bäri bagdan bol hasyl alynýar. Bu daýhan hojalygy uzakmöhletleýin kärendesine alan ýeriniň 10 gektarynda almanyň daşary döwletlerden getirilen ýokary hasyl berýän görnüşleriniň 25 müň düýbüni ýetişdirip, ondan bol hasyl alýar. Daýhan hojalygynda baglara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegi, ylmyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, alma baglarynyň kökleriniň ýaýrap ösmeginiň göz öňünde tutulyp, olaryň awtomatlaşdyrylan usul bilen damjalaýyn esasda suwarylmagy hasyllylyga öz gowy täsirini ýetirýär. Daýhan hojalygynyň özünde öndürilýän biogumus, şeýle hem Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda öndürilýän mikroelementler bilen baglaryň iýmitlendirilmeginiň ýola goýulmagy bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle işler bagdan bol hasyl almaga hem-de zyýankeşlerden ygtybarly goramaga mümkinçilik berýär.

Bir düýpde iki önüm

Bir düýpde iki dürli gök önümiň ösmek mümkinçiligi barada Hindi gök önümler birleşigi habar berýär. Iki ösümligiň bir düýpde ösmegi «brimato» diýlip atlandyrylýar. Brimato badamjan we pomidor sözleriniň birikmeginden düzülipdir. Onuň manysy iki gök önümiň gibridi däl-de, eýsem, ekmegiň netijesinde bir gyrymsy agaçda iki dürli önümiň emele gelmegidir. Bu ýagdaýa Hindistanyň Hindi gök önümleri öwreniş institutynda gözegçilik edilýär. Olara gözegçilik eden Anant Bahaduruň pikirine görä, ekilen ösümlikleriň ikisi-de, aýratynlygyna garamazdan, bir maşgala degişlidir. Täze ekiliş usulyny oýlap tapmaga dürli seleksionerler gatnaşdylar. Olaryň arasynda iň üstünlikli tejribe pomidor bilen badamjanyň umumy gyrymsy agaçda birleşmegidir. Pomidoryň 23-25 günlük nahaly bilen badamjanyň 25-30 günlük nahaly sapylýar. Sapmak işi badamjanyň köküniň düýbünde amala aşyrylýar. Netijede sapmakdan emele gelen brimato gurakçylyga we artykmaç çyglylyga çydamly bolýar. Brimato kölegeli şertlerde saklanýar. Ekiş işleri geçirilende, 60 — 70 günden soň oba hojalykçy alymlar brimatonyň bir düýbünden 2,64 kilograma çenli badamjan we 2,3 kilograma çenli pomidor ýygnamagy başardylar. Bu ekişiň esasy ähmiýeti ýerleri netijeli we tygşytly ulanmaga mümkinçilik berýär. Brimatony ýönekeý öý şertlerinde hem ösdürmek mümkindir. Häzirki wagtda alymlar beýleki ösümliklerden hem brimato usulyny ulanmagy g

Guýmagursak daýhanyň ekin meýdanlarynda

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşigi welaýatymyzda şalyçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklaryň biri. Hemme ýerde bolşy ýaly, bu ýerde toprak bilen bagry badaşan, ene ýere alyn derini seçip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýan, kesbinden kemal tapyp, il içinde uly sylag-hormatyň eýesi bolýan guýmagursak daýhanlaryň ençemesi bar. Olaryň birine Toýlymyrat Halmyradow diýýärler. Toýlymyrat aga indi tas otuz ýyla basalykly wagt bäri bu daýhan birleşiginde zähmet çekip gelýär. Ol şu döwrüň içinde on bäş ýyldan gowrak wagt topar ýolbaşçy bolup, özüniň guramaçylyk ukybyny görkezdi. Guýmagursak daýhan TAP-nyň işjeň agzasy, tejribeli şalyçy hökmünde häli-şindi diňe etrap ýa-da welaýat däl, eýsem döwlet derejesindäki uly maslahatlara gatnaşyp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilişi, aýratyn hem, şaly ýetişdirmegiň aýratynlyklary dogrusynda gymmatly pikirlerini aýdyp gelýär.

Oba hojalyk habarlary

Maldarlaryň derwaýys aladalary Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmaklygy maksat edinen Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň zähmetsöýer maldarlary häzirki günlerde dowarlary, düýeleri talabalaýyk idetmek, olaryň gyş döwründe kadaly saklanylmagynda zerur bolan ot-iým ätiýaçlygyny döretmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar. Belli bolşy ýaly, şu ýylyň degişli möwsüminde hojalykda 30065 ene goýundan 25064 guzy, 1172 ene düýeden 527 sany köşek alnyp, olaryň ählisi ösdürime goýberildi. Şeýlelikde, olaryň arasynda meýilnamada bellenilen seçim çäreleri geçirilip, täze sürüleriň döredilmegi bilen olar has tejribeli çopanlara berkidildi. Şonuň ýaly-da, maldarçylyk hojalygynda 400 gektardan gowrak meýdanda ot-iýmlik ekinleriň dürli görnüşlerini ýetişdirmek ugrundaky derwaýys işler ýola goýuldy. Şu günler şol meýdanlardan esli mukdarda saman, bede, şeýle hem iri baldakly otlar ýygnalyp, bellenilen ýerlerde küdelenip goýuldy. Bu ýerde ot ýygnaýjy ýörite topar hereket edip, onda degişli tehnikalaryň ençemesiniň güýjünden peýdalanylýar. Hojalykda amala aşyrylýan işlerde hünärmenleriň, çopan-çoluklaryň, ot taýýarlaýjylaryň onlarçasy oňat görelde görkezýärler.

Möhüm möwsüm ýetip geldi

Ak zat alnyňa ýagşy Hawa, “Ak zat alnyňa ýagşy” diýlip ata-babalarymyzdan galan parasatly jümle bar. Biz düýşümizde-de ak pagtany görsek gowulyga, ony rysgal-döwlete ýorýarys. Sebäbi, ak zady, onda-da, ak pagtany ata-babalarymyz döwletliligiň alamaty hasaplapdyrlar.

Malym-halym

Gyş üçin ätiýaçlyk ot Tagtabazar etrabynyň janypkeş maldarlary Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem jemgyýetçilik mallary üçin gyş üçin ätiýaçlyk ot goruny taýýarlamak işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Maldarlar “Oty köpüň — maly dok” diýlen sözlerden ugur alyp, yhlasly işleýärler. Her bir iş günlerini edermençilikli geçirýän etrabyň kärendeçi maldarlarynyň durmuşa geçirýän gündelik işleri öwgä mynasypdyr.

Ykjam taýýarlyk görülýär

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleridir abatlaýjylary pagta ýygyjy kuwwatly daşary ýurt kombaýnlaryny ýetip gelýän jogapkärli möwsüme — pagta ýygymyna taýýarlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Önümçilik birleşiginiň ussahanalarynda pagta ýygyjy kombaýnlary doly gözden geçirip, taýýarlyk hataryna çykarmak işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Birleşigiň Gyzylarbat we Bereket etraplaryndaky kärhanalarynda zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň öz wagtynda jemlenilip goýulmagy iş öndürijiligini ýokarlandyrmaklyga aýgytly täsirini ýetirýär. Pagtaçy kärendeçileriň ýygnajak hasylyny daşamak üçin kuwwatly traktorlar we olaryň tirkegleri, şeýle-de awtoulaglaryň ençemesi eýýämden doly gözden geçirilip, taýýarlyk hataryna çykarylyp goýlupdyr. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Balkanpagta» önümçilik birleşiginiň işgärleri hasyl kabul edýän harmanhanalary möwsüme taýýarlamakda ähli tagallalary edýärler. Gyzylarbat şäherindäki pagta arassalaýjy kärhananyň hünärmenleridir işçileri hem ýygnaljak hasyly bökdençsiz kabul edip almaga we pagtany arassalamaga ykjam taýýarlyk görýärler. Harmanhanalar arassalanyp, ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilipdir. Barlaghanalardaky ähli serişdeler we hasylyň agramyny çekjek tereziler gözden geçirilýär. Harmanlary örtmäge niýetlenilen örtgüler hem

Oty köpüň maly dok

Welaýatymyzda mallara gyş möwsümi üçin bol ot-iým goruny döretmek işine möhüm ähmiýet berilýär. Maldarçylyk hojalyklarynyò ot-iým taýýarlaýjylary saman, ýorunja, iri baldakly we meýdan otlarynyò bedelerini taýýarlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar.  Bol ot-iým goruny döretmekde «Gyzylarbat», «Balkan» we «Gyzylbaýyr» maldarçylyk hojalyklarynyò ot-iým taýýarlaýjylary nusga alarlyk işleri bilen öòe saýlanýarlar. Häzire çenli 2 müò 872 tonna dürli görnüşli ot taýýarlanyp, olary mallaryò gyşladyljak ýerlerine daşamak işleri guramaçylykly ýola goýlupdyr.

Halal zähmetiň miwesi

Toprak bilen bagry badaşan daýhanlar alyn derini saçyp, rysgal-berekedi ene ýeriň goýnundan tapýar. Sahy toprak bir dänäňi müň edip gaýtarýar. Ömür örküni daýhançylyga baglap, ýaşlykdan adygan kişiler il-günüň hormat-sylagyna-da mynasyp bolýar. «Işleseň, il tanar» diýlişi ýaly, zähmeti bilen özüni ykrar etdiren daýhanlar ene ýerden barha bol hasyl alyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatdaky döwlet syýasatyna mynasyp goşant goşýar. Şeýle zähmetsöýer daýhanlaryň biri hem 99 ýyl möhlet bilen kärendesine alan 150 gektar ýerinde ýylyň-ýylyna önjeýli zähmet üstünliklerini gazanýan Mirmuhammet Babaýewdir. Biz bu telekeçi daýhanyň Gyzylarbat etrabynyň Garabogaz obasyndaky ekin ýerlerinde alyp barýan işleri bilen gyzyklandyk. Mirmuhammet ýaňy bir ýigitlik müçesini — 34 ýaşy arka atandygyna garamazdan, ençeme ýyl bäri ýerden rysk, halal zähmetden döwlet tapan daýhanlaryň biri. Ol üstümizdäki ýylda 50 gektarlyk kärende ýeriniň üçden birine bugdaý ekip, 190 tonna hasyly döwlet harmanyna tabşyrdy. Hasyllylyk 38 sentnere barabar bolup, döwlet borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirmegi başardy. Geçen ýyl kärende ýeriniň 20 gektaryna gowaça ekip, 170 göterim ösüş gazanan daýhan bu ýyl 26 gektar meýdana eken gowaçasyndan ýene-de şonçarak netije gazanmagy maksat edinýär. Eýýäm Günüň nuruna lowurdap, gozalardan jyklaşýan «ak altynyň» ilkinji pamyklaryny synlap durşun