Bugdaý ekişine taýýarlyk

29 Awgust 2023
309

Ekişe taýýarlyk işleriniň gyzgalaňly dowam edýän günlerinde Daşoguz welaýatyna kuwwatly sürüm traktorlarynyň 70-e golaýy gelip gowuşdy. Ýokary öndürijilikli bu tehnikalar ekin meýdanlarynyň möçberine laýyklykda, welaýatyň etraplaryna paýlanyp berildi. Olar ýakyn günlerde badalga aljak bugdaý ekişinde ilkinji gezek işlediler hem-de möwsümi bellenilen möhletlerde geçirmekde gallaçylaryň kuwwatly daýanjy bolar.

Ekerançylyk meýdanlaryny geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaý ekişine taýýarlamak bilen baglylykda geçirilýän agrotehniki çäreler, bu ugurdaky gündelik netijeler daýhanlary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Möhüm möwsüme taýýarlygyň çäginde Daşoguz welaýatynda durmuşa geçirilýän işler hem aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olarda döwrüň belent ruhy, döredijilikli zähmetiň joşguny aýdyň duýulýar.

Amanmyrat SAPAROW.
(Öz habarçymyz).