Güýzlük ýeralmanyň ekişi geçirilýär

25 Awgust 2023
525

Kaka etrabynda güýzlük ýeralmanyň ekişi agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda alnyp barylýar. Ýazky möwsümde 1 müň 700 gektar meýdanda bu ekiniň ýokary hasylyny ýetişdiren etrabyň ekerançylary häzirki möwsümde hem tutanýerli zähmet çekýärler. Olar güýzlük ýeralma ekişi üçin göz öňüne tutulan meýdanlaryň aglabasynda bu işi ýerine ýetirip, häzirki wagtda irki ekilen ekiniň ideg işlerini alyp barýarlar.

Öňdebaryjylaryň biri hasaplanýan “Edermen pagtaçy” daýhan hojalygynyň ekin meýdanlarynda işleriň gidişi has-da guwandyrýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 100 gektarda güýzlük ýeralmany ýetişdirmegi belent maksat tutunan daýhan hojalygynyň zähmetkeşleri ekişde köplere nusga bolmagy başarýarlar. Olar güýzlük ýeralmanyň ekişini ahyrky gektarlarda alyp barýarlar. Bu işde kämil tehnologiýaly kuwwatly ekiji tehnikalaryň hyzmatyndan netijeli peýdalanýarlar.

Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Kaka etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.