Bir düýpde iki önüm

23 Awgust 2023
719

Bir düýpde iki dürli gök önümiň ösmek mümkinçiligi barada Hindi gök önümler birleşigi habar berýär. Iki ösümligiň bir düýpde ösmegi «brimato» diýlip atlandyrylýar.

Brimato badamjan we pomidor sözleriniň birikmeginden düzülipdir. Onuň manysy iki gök önümiň gibridi däl-de, eýsem, ekmegiň netijesinde bir gyrymsy agaçda iki dürli önümiň emele gelmegidir. Bu ýagdaýa Hindistanyň Hindi gök önümleri öwreniş institutynda gözegçilik edilýär. Olara gözegçilik eden Anant Bahaduruň pikirine görä, ekilen ösümlikleriň ikisi-de, aýratynlygyna garamazdan, bir maşgala degişlidir. Täze ekiliş usulyny oýlap tapmaga dürli seleksionerler gatnaşdylar. Olaryň arasynda iň üstünlikli tejribe pomidor bilen badamjanyň umumy gyrymsy agaçda birleşmegidir. Pomidoryň 23-25 günlük nahaly bilen badamjanyň 25-30 günlük nahaly sapylýar. Sapmak işi badamjanyň köküniň düýbünde amala aşyrylýar. Netijede sapmakdan emele gelen brimato gurakçylyga we artykmaç çyglylyga çydamly bolýar. Brimato kölegeli şertlerde saklanýar. Ekiş işleri geçirilende, 60 — 70 günden soň oba hojalykçy alymlar brimatonyň bir düýbünden 2,64 kilograma çenli badamjan we 2,3 kilograma çenli pomidor ýygnamagy başardylar. Bu ekişiň esasy ähmiýeti ýerleri netijeli we tygşytly ulanmaga mümkinçilik berýär. Brimatony ýönekeý öý şertlerinde hem ösdürmek mümkindir. Häzirki wagtda alymlar beýleki ösümliklerden hem brimato usulyny ulanmagy göz öňünde tutýarlar.

Taýýarlan Kuwandyk SAIDOW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň uly ylmy işgäri.