Almasy bar baldan süýji

23 Awgust 2023
452

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýurdumyzda oba hojalyk ulgamyny yzygiderli ösdürmek, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şonuň bilen birlikde ildeşlerimizi ýokumly we ter gök-bakja önümleri we miweler bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirýän tutumly işleri rowaçlyklara beslenýär.

Hojambaz etrabynyň Hojahaýran geňeşliginiň çäginde ýerleşýän «Ýunus daýhan» daýhan hojalygynda hem indi birnäçe ýyldan bäri bagdan bol hasyl alynýar. Bu daýhan hojalygy uzakmöhletleýin kärendesine alan ýeriniň 10 gektarynda almanyň daşary döwletlerden getirilen ýokary hasyl berýän görnüşleriniň 25 müň düýbüni ýetişdirip, ondan bol hasyl alýar. Daýhan hojalygynda baglara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edilmegi, ylmyň soňky gazananlarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy, alma baglarynyň kökleriniň ýaýrap ösmeginiň göz öňünde tutulyp, olaryň awtomatlaşdyrylan usul bilen damjalaýyn esasda suwarylmagy hasyllylyga öz gowy täsirini ýetirýär. Daýhan hojalygynyň özünde öndürilýän biogumus, şeýle hem Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynda öndürilýän mikroelementler bilen baglaryň iýmitlendirilmeginiň ýola goýulmagy bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle işler bagdan bol hasyl almaga hem-de zyýankeşlerden ygtybarly goramaga mümkinçilik berýär.

Atanyýaz HANGELDIÝEW,
ýörite habarçymyz.