Halal zähmetiň miwesi

23 Awgust 2023
583

Toprak bilen bagry badaşan daýhanlar alyn derini saçyp, rysgal-berekedi ene ýeriň goýnundan tapýar. Sahy toprak bir dänäňi müň edip gaýtarýar. Ömür örküni daýhançylyga baglap, ýaşlykdan adygan kişiler il-günüň hormat-sylagyna-da mynasyp bolýar. «Işleseň, il tanar» diýlişi ýaly, zähmeti bilen özüni ykrar etdiren daýhanlar ene ýerden barha bol hasyl alyp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak babatdaky döwlet syýasatyna mynasyp goşant goşýar. Şeýle zähmetsöýer daýhanlaryň biri hem 99 ýyl möhlet bilen kärendesine alan 150 gektar ýerinde ýylyň-ýylyna önjeýli zähmet üstünliklerini gazanýan Mirmuhammet Babaýewdir. Biz bu telekeçi daýhanyň Gyzylarbat etrabynyň Garabogaz obasyndaky ekin ýerlerinde alyp barýan işleri bilen gyzyklandyk.

Mirmuhammet ýaňy bir ýigitlik müçesini — 34 ýaşy arka atandygyna garamazdan, ençeme ýyl bäri ýerden rysk, halal zähmetden döwlet tapan daýhanlaryň biri. Ol üstümizdäki ýylda 50 gektarlyk kärende ýeriniň üçden birine bugdaý ekip, 190 tonna hasyly döwlet harmanyna tabşyrdy. Hasyllylyk 38 sentnere barabar bolup, döwlet borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirmegi başardy. Geçen ýyl kärende ýeriniň 20 gektaryna gowaça ekip, 170 göterim ösüş gazanan daýhan bu ýyl 26 gektar meýdana eken gowaçasyndan ýene-de şonçarak netije gazanmagy maksat edinýär. Eýýäm Günüň nuruna lowurdap, gozalardan jyklaşýan «ak altynyň» ilkinji pamyklaryny synlap durşuna:

Süleýman HANGELDIÝEW.
(Öz habarçymyz).