Jogapkärli möwsüm bosagada

24 Awgust 2023
621

Säher bilen öwüsýän salkyn şemal güýz paslynyň indi uzakda däldigini duýdurýar. Güýz bolsa daýhanyň aladasynyň iň bir köpelýän döwri. Gallaçy daýhan topraga tohum sepse, pagtaçy özüniň maňlaý derine eýläp ýetişdiren pagta hasylyny ýygnap başlaýar.

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 130 müň gektarda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdiren Lebap welaýatynyň zähmetkeşleri şu ýyl Watan harmanyna 320 müň tonna «ak altyn» goşmagy maksat edindiler. Elbetde, bu ýeňil-ýelpaý iş däl. Ol oba hojalygyna dahylly ähli adamdan gujurly zähmeti, gaýrata galyp işlemegi talap edýär. Hut şonuň üçin-de, möwsümiň öň ýanynda lebaply daýhanlar, mehanizatorlar we beýleki ýygym möwsümine dahylly işgärler bu jogapkärli işe taýýarlygyň ýagdaýyna ýene-de bir gezek seljerme geçirdiler. Gowaçanyň ýokary hasyl berýän «Ýolöten-7», «Ýolöten-39», «S-2606» ýaly görnüşleri ähli etraplarda diýen ýaly köpçülikleýin ekildi. Beýleki sortlara garanyňda ir ýetişýän bu görnüşli gowaçalar şu günki günde hasylyny bolluk bilen eçilip başladylar. Şaha sanynyň azlygy sebäpli, olary maşyn bilen ýygmak hem amatly. Şeýle bolansoň, şu ýyl sebitiň ähli etraplarynda pagtanyň kombaýn bilen ýygyljak meýdany öňki ýyllara garanda köpeldildi.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).