Ykjam taýýarlyk görülýär

23 Awgust 2023
502

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň mehanizatorlary, inžener-tehniki işgärleridir abatlaýjylary pagta ýygyjy kuwwatly daşary ýurt kombaýnlaryny ýetip gelýän jogapkärli möwsüme — pagta ýygymyna taýýarlamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Önümçilik birleşiginiň ussahanalarynda pagta ýygyjy kombaýnlary doly gözden geçirip, taýýarlyk hataryna çykarmak işleriniň depgini barha ýokarlanýar. Birleşigiň Gyzylarbat we Bereket etraplaryndaky kärhanalarynda zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň öz wagtynda jemlenilip goýulmagy iş öndürijiligini ýokarlandyrmaklyga aýgytly täsirini ýetirýär. Pagtaçy kärendeçileriň ýygnajak hasylyny daşamak üçin kuwwatly traktorlar we olaryň tirkegleri, şeýle-de awtoulaglaryň ençemesi eýýämden doly gözden geçirilip, taýýarlyk hataryna çykarylyp goýlupdyr.

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň «Balkanpagta» önümçilik birleşiginiň işgärleri hasyl kabul edýän harmanhanalary möwsüme taýýarlamakda ähli tagallalary edýärler. Gyzylarbat şäherindäki pagta arassalaýjy kärhananyň hünärmenleridir işçileri hem ýygnaljak hasyly bökdençsiz kabul edip almaga we pagtany arassalamaga ykjam taýýarlyk görýärler. Harmanhanalar arassalanyp, ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar bilen üpjün edilipdir. Barlaghanalardaky ähli serişdeler we hasylyň agramyny çekjek tereziler gözden geçirilýär. Harmanlary örtmäge niýetlenilen örtgüler hem taýýarlanylýar. ªonuň ýaly-da, hasylyň kabul ediljek, arassalanjak we saklanjak ýerlerinde ýangyna garşy göreş enjamlary doly jemlenipdir.

Muhammetgylyç Tagangylyjow,
«Balkan».