Halypa bagban

24 Awgust 2023
564

Ahal welaýatynda üzümçilik bilen meşgullanyp, ýylyň-ýylyna üzümiň bol hasylyny ýetişdirýän bagbanlaryň ençemesi bar. Ak bugdaý etrabynyň «Ýaşyldepe» daýhan birleşiginde zähmet çekýän Annageldi Annaýew bolsa welaýat derejesinde alanyňda hem ussat, halypa bagbanlaryň biri hökmünde tanalýar.

Ýaşlykdan daýhançylyga baş goşan Annageldi Annaýew geçen döwürde üzümçiligiň gadymy däplerini birkemsiz öwrenip, ony häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, bu ugurda baý tejribe toplady. Gallaçylykda, pagtaçylykda, gök ekerançylykda bolşy ýaly, halypa bagbanyň bagbançylyk babatdaky tejribesini öwrenmäge-de döwtalap ýaşlar az däl. Olar baglary alada bilen gurşaýan tejribeli daýhanyň kärende ýerine — bagyna häli-şindi gelýärler we onuň iş usullaryny, üzümlere ideg edişini öwrenýärler, degerli maslahatyny alýarlar.

Aýdo ŞEKEROW.
(Öz habarçymyz). Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.