Atyzlarda hasyl bol

30 Awgust 2023
331

Daýhanlar üçin pagta ýygymy möhüm möwsüm bolup durýar. Etrabymyzyň hojalyklarynda jogapkärli möwsüme taýýarlykly barylýar. Olaryň arasynda «Watan» daýhan birleşiginiň pagtaçylary hem bar. Olar şu günlere çenli gowaçalara agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg edip, bol hasyly ýetişdirdiler. Wagtynda ýekelenilen, haşal otlardan arassalanylan, dökünlerden we suwdan ýeterlik paýyny alan ekinler köpçülikleýin hasyla durupdyr. Her düýpdäki körekleri, açylyp ugran gozalary göreniňde gözüň dokunýar.

Daýhan birleşiginiň başlygy Babajan Babamyradowyň aýtmagyna görä, şu ýyl hojalyk boýunça 1264 gektar meýdanda gowaça ekilipdir. Şonça meýdandan 4200 tonna pagta almak wezipesi durýar. Şonda her gektardan ortaça 33,2 sentner hasyl almaly. Hojalygyň ýolbaşçysy şu möwsümde ekinlerinden tamasynyň uludygyny ynam bilen aýtdy. Onuň hasaplamalaryna görä, hasyllylyk her gektarda ýene-de ortaça 10 sentner artar. Şeýle berk ynam bolsa anyk hasaplara, gündelik geçirilýän gözegçiliklere esaslanýar.

Dilraba ŞAÝMERDANOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň esasy hünärmeni.