«Tohum al-da, ýere bar...»

26 Awgust 2023
552

Ata-babalarymyz hasyllylygyň peselmezligi üçin tohumçylyk meselesini mydama ünsde saklapdyrlar. Sebäbi bir ekin şol bir meýdana köp ekilse, ýeriň güýji gaçýar. Şonuň üçin ýerden gowy hasyl almak maksady bilen ekin, dökün, tohum çalşygyny geçirmek daýhançylykda kada hasaplanýar. Lebap welaýatynyň ekerançylyk meýdanlarynda bugdaýyň «Ýuna», «Wasso», «Kalym», «Batko» ýaly sortlarynyň ekilip gelýänine birnäçe ýyl boldy.

Şonuň üçin indi olaryň ýerini çalyşmagyň wagty geldi. Hut şu maksat bilen-de, geçen ýyl Russiýa Federasiýasyndan ýurdumyz bugdaýyň «Alekseiç» we «Bezostyý-100» diýilýän täze sortlaryny satyn aldy. Geçen ýylyň güýzünde bugdaýyň bu sortlary welaýatda jemi 34 müň gektara golaý meýdanda ekildi. Ýörite hünärmenleriň gözegçiliginde ösdürilip ýetişdirilen täze sortlar şu ýyl tomusda gowy hasyl hem berdi. Hünärmenler gowy idegi ýetirilende, bu sortlaryň her gektardan 60 — 70 sentnere çenli hasyl berip biljekdigine göz ýetirdiler. Şeýlelikde, bugdaýyň bu täze sortlarynyň tohumynyň ýeterlik möçberi güýz ekişi üçin taýýar edildi. Toprak-howa şertlerimize örän çalt uýgunlaşýan bu sortlaryň tohumlarynyň ekilmegi eýýäm geljekki hasylyň bol boljagyndan nyşan.

Hudaýberen ABRAÝEW.
(Öz habarçymyz).