«Güni ekin meýdanlarynda garşylamak gerek»

28 Awgust 2023
554

Ene toprak zähmete werziş kişilerden baýlygyny gysganmaýar. Yhlas siňdirilen iş hökman miwesini berýär. Ýere yhlasly ýapyşan daýhanyň çeken zähmeti toprakdan örňäp çykyp, ýaşaýşyna many, geljegine umyt we zähmete ynam döredýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde we ykdysady görkezijiler babatda öňe ilerlemeginde özüniň saldamly goşandyny goşýan telekeçi daýhanlaryň aýratyn ornunyň bardygyny bellemek gerek. Gyzylarbat etrabynyň Azady obasynyň çäklerinde ýerleşen 100 gektar ýeri uzak möhletleýin kärendä alyp, önjeýli zähmet üstünliklerini gazanýan telekeçi daýhanlaryň biri hem Yhlasberdi Garaýewdir.

Ol indi çärýek asyr bäri örküni topraga baglap, ömrüni daýhançylyga bagyş edip gelýär. Şu ýyl telekeçi daýhan kärende ýeriniň 50 gektaryna bugdaý ekip, 100 tonnadan gowrak hasyly döwlet harmanyna tabşyrdy. Her gektardan 20 sentnerden gowrak hasyl alyp, döwlet borçnamasyny artygy bilen dolmagy başardy. Häzirki wagtda bolsa geljek ýylyň ýazky bugdaý ekişi üçin ýerlerde sürüm, tekizleme we geriş çekmek işlerini alyp barýar.

Süleýman HANGELDIÝEW.