Oba hojalyk habarlary

23 Awgust 2023
439

Maldarlaryň derwaýys aladalary

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmaklygy maksat edinen Görogly etrabyndaky «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň zähmetsöýer maldarlary häzirki günlerde dowarlary, düýeleri talabalaýyk idetmek, olaryň gyş döwründe kadaly saklanylmagynda zerur bolan ot-iým ätiýaçlygyny döretmek boýunça giň gerimli işleri alyp barýarlar. Belli bolşy ýaly, şu ýylyň degişli möwsüminde hojalykda 30065 ene goýundan 25064 guzy, 1172 ene düýeden 527 sany köşek alnyp, olaryň ählisi ösdürime goýberildi. Şeýlelikde, olaryň arasynda meýilnamada bellenilen seçim çäreleri geçirilip, täze sürüleriň döredilmegi bilen olar has tejribeli çopanlara berkidildi. Şonuň ýaly-da, maldarçylyk hojalygynda 400 gektardan gowrak meýdanda ot-iýmlik ekinleriň dürli görnüşlerini ýetişdirmek ugrundaky derwaýys işler ýola goýuldy. Şu günler şol meýdanlardan esli mukdarda saman, bede, şeýle hem iri baldakly otlar ýygnalyp, bellenilen ýerlerde küdelenip goýuldy. Bu ýerde ot ýygnaýjy ýörite topar hereket edip, onda degişli tehnikalaryň ençemesiniň güýjünden peýdalanylýar. Hojalykda amala aşyrylýan işlerde hünärmenleriň, çopan-çoluklaryň, ot taýýarlaýjylaryň onlarçasy oňat görelde görkezýärler.

Ýörite habarçymyz.