Guýmagursak daýhanyň ekin meýdanlarynda

23 Awgust 2023
521

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşigi welaýatymyzda şalyçylyga ýöriteleşdirilen hojalyklaryň biri. Hemme ýerde bolşy ýaly, bu ýerde toprak bilen bagry badaşan, ene ýere alyn derini seçip, ýylyň-ýylyna ýokary netijeleri gazanýan, kesbinden kemal tapyp, il içinde uly sylag-hormatyň eýesi bolýan guýmagursak daýhanlaryň ençemesi bar. Olaryň birine Toýlymyrat Halmyradow diýýärler.

Toýlymyrat aga indi tas otuz ýyla basalykly wagt bäri bu daýhan birleşiginde zähmet çekip gelýär. Ol şu döwrüň içinde on bäş ýyldan gowrak wagt topar ýolbaşçy bolup, özüniň guramaçylyk ukybyny görkezdi. Guýmagursak daýhan TAP-nyň işjeň agzasy, tejribeli şalyçy hökmünde häli-şindi diňe etrap ýa-da welaýat däl, eýsem döwlet derejesindäki uly maslahatlara gatnaşyp, ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň ösdürilişi, aýratyn hem, şaly ýetişdirmegiň aýratynlyklary dogrusynda gymmatly pikirlerini aýdyp gelýär.